12.01.2023 Döredijilik86 .

Eziz diýar


 Äleme ýaň salýar adyň,
  Güller açýan Türkmenistan!
  Öňe sary bedew badyň,
  Gözel ýurdum — Türkmenistan!

  Arkadagly Serdar ýoly,
  Nura besläp sagu-soly,
  Ýurdumyz jennet mysaly
  Gül-gülüstan, bagy-bossan!

  Galkyndy halkyň ykbaly,
  Diýarym dostluk mekany,
  Ýaňlanýar bagtyň mukamy,
  Şanyňa müň gazal-dessan!

  Ylym-bilimden binýady,
  Kämil nesiller zürýady,
  Biz ýaşlar — Watan kuwwaty,
  Röwşen gelejege dowam!

  Ösýän ýurtlaryň öňünde,
  Baýdagy arşyň deňinde,
  Dost-doganlyk merkezinde
  Aýdyň ýollar bagta rowan!

  Günler günlerden zyýada,
  Ýetilip maksat-myrada,
  Beslenip şana-şöhrata,
  Öňe barýar eziz mekan!

  Toý-baýramy goşa-goşa,
  Şahyr-bagşy gelýär joşa,
  Arkadagly Serdar ýaşa,
  Bitarap ýurt Türkmenistan!

Ýazbibi MÄMEDOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
25-nji orta mekdebiň mugallymy.

“Mugallymlar gazeti”, 2023- nji ýylyň 9-njy ýanwary.

Tmpedagog