07.08.2024 Gutlaglar80

Üstünliklerimize buýsanýarys


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýokary sportda uly ösüşlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Türkmenistanyň sport diplomatiýasy uly üstünliklere ýetip, sport arkaly halklaryň, döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde täze netijeler gazanylýar.

Olimpiýaçy türgenlerimiziň Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýollanma gazanmaklary buýsandyryjy ýagdaýlaryň biridir. Şeýle sport çäreleriniň geçirilmegi, milli türgenlerimiziň olara gatnaşmaklary barada maglumatlary sapaklarda baglanyşdyryp öwretmek körpe nesilleri, mekdep okuwçylaryny watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge mynasyp ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bilim-terbiýesi beden terbiýesi bilen utgaşykly alnyp barylýar. Bedenterbiýe sapaklarynda meşhur türgenlerimiziň gazanýan netijeleri, olaryň gatnaşýan halkara ýaryşlary, ýurdumyzda guralan we geçirilen iri halkara sport bäsleşikleri bilen bagly maglumatlaryň yzygiderli ýatlanylmagy, sport ulgamynda ýetilýän sepgitler, gazanylýan netijeler bilen tanyşdyryp durmak ýaş we körpe nesillerde uly gyzyklanma döredýär hem-de olaryň dersleri yhlas bilen öwrenmeklerine ýardam berýär. Surat sapaklarynda sportuň dürli görnüşlerinden pursatlaryň, meşhur türgenlerimiziň şekillerini çekmegi öwretmek, matematika sapaklarynda goşmak, aýyrmak, köpeltmek, bölmek amallary öwredilende milli türgenlerimiziň gazanan netijeleri bilen baglanyşykly sanlaryň getirilmegi mekdep okuwçylarynyň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerine uýmaga höweslerini artdyrýar.

Bize işlemäge, döretmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk arzuw edýäris. Ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterýän milli türgenlerimize abraýly halkara sport bäsleşiklerinde hemişe üstünlik arzuw edýäris.

Dilfuza ÖWLÝAKULOWA,
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherindäki
40-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 05.08.2024

Tmpedagog