Kalbynyň owazy — Watanyň waspy
Ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnygyny, zehinini ýüze çykarmak, olary döredijilige höweslendirmek, sungat äleminde has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda dürli çäreler, bäsleşikler geçirilýär. Şeýle bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp tapawutlanýan ýaş zehinleriň biri-de Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Muhammet Saparowdyr.
Ol 1-nji synpa baran gününden bäri medeni-köpçülik çärelerinde aýdym aýdyp, çykyş edip gelýär. Balkanabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň hor toparyna gatnap, sungatyň inçe syrlaryny öwrenýär. Sport ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşýar. Kalbynyň owazy Watanyň waspy bolan ýaş zehin geçen ýyl Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň ýurdumyzyň gözel tebigatyny wasp etmek boýunça suratkeş mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiren bäsleşiginde hem baýrakly orna mynasyp boldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolmagy ýaş zehini ýene-de täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrdy. Biz oňa geljekde-de ýurdumyzyň belent ösüşlerini wasp etmekde döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.
Ogulsuraý TÄÇMÄMMEDOWA,
«Balkan».
"Balkan" welaýat gazeti, 23.01.2025