24.01.2025 Gutlaglar246
Gülzaryň üstünligi
Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Gülzar Geldimyradowada aýdym aýtmaga höwes kiçiliginden döreýär. Bu bolsa onuň aýdym-saz dünýäsine ynamly ädimler bilen aralaşmagyna ýardam edýär. Ol eýýäm çagalar bagynda geçirilýän dürli çärelerde çykyş edip ugraýar. 2022-nji ýylda «Iň eýjejik gyzjagaz», 2023-nji ýylda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşikleriň şäher tapgyrlarynda birinji orunlary eýelemekligi başarýar.
G.Geldimyradowa mekdepde, şäherde geçirilýän medeni-köpçülik çärelerinde, baýramçylyklarda, okuwçylaryň arasynda guralýan bäsleşiklerde yzygiderli çykyş etdi, kämilleşdi. Onuň yhlasy ýerine hem düşdi. Täze arzuwlar bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basylan günlerde Gülzara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşuryldy. Bu baýrak zehinli gyzjagazyň aýdym-saza bolan höwesini has-da artdyrdy. Häzirki wagtda ýaşajyk aýdymçy welaýat çagalar sungat mekdebiniň «Balkan» hor döredijilik toparyna gatnap, aýdym aýtmakda has-da kämilleşýär. Biz geljekde hem Gülzara aýdym-saz äleminde ýeneki üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Guwançmyrat ALÝAROW,
Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Balkan" welaýat gazeti, 23.01.2025