05.01.2023 Gutlaglar317 .

Goşa arzuw


(Döwran mugallyma)

  Sizde gördüm mugallymlyk mekdebin,
  Ezberligiñ, sözlemegiñ edebin,
  Pedagoglar taze saýta geliñ!
  Uzak ýaşañ, arman işläñ, mugallym!


  Taze saýtyñ işi gutly, mübärek,
  Siz pedagoglara hemişe gerek,
  Yhlasly urýarka gursakda ýürek,
  Uzak ýaşañ, arman işläñ, mugallym!


  Bu setirler bärden gaýdýar waspyna,
  Işlerñize eser gerek aslynda,
  Gyşda gelen göwün bahar paslynda,
  Uzak ýaşañ, arman işlañ mugallym!


Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiniň mugallymy, şahyr.



Tmpedagog