Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bäsleşik yglan edýär
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty aşakdaky hünärler boýunça 2024-2025-nji okuw ýyly üçin pedagogik işgärleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan edýär:
Jemgyýeti öwreniş mugallymy – 2
Türkmen dili we edebiýaty mugallymy – 2
Iňlis dili we edebiýaty mugallymy – 5
Rus dili we edebiýaty mugallymy – 5
Nemes dili we edebiýaty mugallymy – 2
Hytaý dili we edebiýaty mugallymy – 2
Pars dili we edebiýaty mugallymy – 1
Fizika we informatika mugallymy – 3
Biologiýa mugallymy – 4
Psihologiýa mugallymy – 4
Matematika mugallymy – 2
Zähmet okuwy mugallymy – 2
Bedenterbiýe mugallymy – 3
Defektolog – 3
Bäsleşigiň geçirilýän ýeriniň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri,
Şabende köçesi, 7-nji jaýy.
Bäsleşige arzalary kabul etmegiň möhleti: 01.08.2024ý. – 20.08.2024ý.
Bäsleşigiň geçirilýän senesi: 21.08.2024ý. – 28.08.2024ý.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna işe kabul etmek boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşýan pedagogik işgärleriň wezipeleri boýunça hünär derejesi babatda edilýän talaplar
1. Mugallymçylyk ugry boýunça hünärmen ýa-da magistr derejeli ýokary bilimi bolmaly.
2. Ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diploma ýa-da gowy bahalar bilen
tamamlan bolmaly.
3. Mugallymçylyk işinde 3 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolmaly.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna işe kabul etmek boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşýan pedagogik işgärleriň tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy
1. Rektoryň adyna ýazylan arza.
2. Ýokary bilim hakyndaky diplomyň nusgasy.
3. Hasap-synag sanawnamasyndan göçürmäniň nusgasy.
4. Soňky iş ýerinden häsiýetnama.
5. Şahsy iş kagyzy.
6. Zähmet depderçäniň nusgasy.
7. Pasportyň nusgasy.
www.tdmugi.edu.tm