27.03.2024 Bildirişler96 .

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2024 — 2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar


«Açyk gapylar» günlerinde bilime, ylma höwesli zehinli ýaşlara hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli parasatly ýörelgeleriniň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim hem-de bedenterbiýe we sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, institutda taýýarlanylýan hünärler, sport we bedenterbiýe boýunça alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy, usulyýet, medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri barada giňişleýin gürrüň berler. Şeýle hem ýaşlar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar» atly sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlara gatnaşyp hem-de tomaşa edip bilerler.

«Açyk gapylar» günleri institutda şu ýylyň 1— 6-njy apreli aralygynda geçirilip, her gün sagat 14:00-da başlanýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 40-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
22-64-02, 22-65-47.

Elektron salgysy: tdbsi@sanly.tm

Web-saýty: http://www.tdbsi.edu.tm


"Mugallymlar gazeti" gazeti, 27.03.2024

Tmpedagog