28.01.2024 Bildirişler260 .

Okuwçylaryň arasynda ders olimpiadalary geçiriler


Türkmenistanda ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis we türkmen dilleri boýunça ders olimpiadalary geçiriler.

Olimpiadalara gatnaşmak isleýän ýokary synp mekdep okuwçylary 20-nji marta çenli guramaçylyk toparynyň elektron poçta salgysyna (hgi.charetm@gmail.com) haýyşnamalaryny ugratmaly. Olimpiadalara çakylyk gatnaşyjylaryň görkezen elektron poçta salgylaryna 3-nji aprele çenli ugradylar.

Olimpiadalar onlaýn görnüşde iki tapgyrda: paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda apreliň dowamynda geçiriler. Olaryň geçiş tertibi, gatnaşmak üçin haýyşnamalary ýazmagyň nusgasy hem-de beýleki peýdaly maglumatlar Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň www.iirmfa.edu.tm saýtynyň Bildirişler bölüminde ýerleşdirilendir.

Olimpiadalaryň I, II we III orunlaryna mynasyp bolan ýeňijileri we baýraklaryň eýeleri, şeýle hem bäsleşiklerde ýokary netijeleri görkezenler 2024-nji ýylyň 8-nji maýynda Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanarlar.

Ders olimpiadalary «Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar» diýen şygar astynda geçiriler we Halkara bilim gününe bagyşlanýar. Bäsleşikler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guralýar.

Aýbölek BEGJANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.



ashgabat.in

Tmpedagog