29.04.2023 Bildirişler169 .

«Mahabat üstünligiň açary» atly festiwal yglan edilýär.


Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, ýaşlary mahabat işiniň çygryna çekmek üçin höweslendirmeler ulgamyny ösdürmek hem-de dalaşgärleriň iň gowy başlangyçlaryny saýlap almak, şeýle-de, dalaşgärleriň döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, özboluşly çözgütlerini ýüze çykarmak hem-de iň oňat mahabat önümini we mahabat nusgalaryny döretmek we Türkmenistanyň çäginde mahabat kampaniýalaryny geçirmek maksady bilen Ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda «Mahabat üstünligiň açary» atly festiwalyň geçirilýändigini yglan edýär.

Ýaş telekeçileriň we ýaşlar kärhanalarynyň arasynda «Mahabat üstünligiň açary» atly festiwaly geçirmegiň düzgünnamasy.




education.gov.tm

Tmpedagog