14.01.2023 Bildirişler133

Ýetginjek erkek raýatlar ýöriteleşdirilen harby mekdeplere okuwa çagyrylýar


Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine 2023-2024-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň tertibini size ýetirýäris.

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek bu mekdeplerde okamaga isleg bildiren, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär.

2. Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwynyň möhleti — 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmagy, şeýle hem beden taýýarlygy we çuň¬laşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.

3. Ýöriteleşdirilen harby mekdepde okamaga isleg bildiren okuwçylar 2023-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekiliň adyna arza ýazýarlar.

Arzanyň ýanyna şu resminamalar goşulýar: 1) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň oglunyň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplere okuwa kabul edilmegi baradaky harby wekiliň adyna ýazan dil haty (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralary tarapyndan berlen maglumat haty);

2) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

3) bellenen nusgada doldurylan we harby wekillik tarapyndan tassyklanan sowalnama we terjimehal;

4) dogluş hakynda şahadatnamasynyň «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklanan nusgasy;

5) okaýan orta mekdebiniň 8-nji synpyndaky ýetişigi barada resminama (1,2,3 çärýeklerinden göçürme);

6) 6 sany 3х4, 4 sany 4х6, 2 sany 9х12 ölçegde, ýerli harby wekillik tarapyndan tassyklanan surat;

7) okaýan orta mekdebinden häsiýetnama;

8) okaýan orta mekdebindäki şahsy işiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanan nusgasy;

9) Ýöriteleşdirilen harby mekdepde okamaga saglyk ýagdaýynyň ýaramlydygyna kepil geçilen lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça inçekesel we deri-wenerologik hassahanalaryndan hem-de neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkezlerinden degişli kepilnama) hem-de saglyk ýagdaýynyň ýaramlydygyny kesgitleýän dalaşgäriň ýaşaýan ýeri boýunça lukmanlar toparynyň barlagyndan geçirilendigi baradaky kepilnamasy;

10) keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň kartasynyň (№063/h görnüşli saglygy goraýyş resminamasynyň) göçürmesi;

11) ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy barada kepilnama;

12) eger dalaşgäriň ata-enesiniň öleni bar bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklanan nusgasy.

4. Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäklerinde dersler boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersinden diktant kabul edilýär.
Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

5. Ýöriteleşdirilen harby mekdeplere okuwa kabul edilen okuwçylar umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlar we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär. Olara günde dört wagtyna nahar berilýär.

Kabul ediş topary.


education.gov.tm

Tmpedagog