02.02.2023 Bäsleşikler62 .

«Şu milletiň, şu topragyň nesli biz» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!


 Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde ýaşlara uly ynam bildirilýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagy, öz işine ussat hünärmenler bolup ýetişmegi, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarymyzy, ynsanperwer ýörelgelerimizi, maşgala gymmatlyklarymyzy mynasyp dowam etdirmegi üçin uly şert-mümkinçilikler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny has-da dabaralandyrmak, döredilýän mümkinçiliklerden göwünleri galkynýan ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny, dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerini beýan etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň hem-de «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň karary esasynda gazetiň okyjylarynyň arasynda «Şu milletiň, şu topragyň nesli biz» atly makalalaryň, oçerkleriň, hekaýalaryň, goşgularyň döredijilik bäsleşigi yglan edildi.

 Okyjylar köpçüligi öz ýazan (öň çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik) makalalaryny, oçerklerini, hekaýalaryny, goşgularyny bäsleşige hödürläp biler. Bäsleşige hödürlenilýän işlerde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşlerinde ýaş nesliň eýeleýän orny, ýurdumyzda ýaşlaryň bagtly durmuşy üçin döredilýän mümkinçilikler döredijilikli beýan edilmelidir.

 Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän we ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonyny) goşmalydyr. Bäsleşigiň jemi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener we ýeňijilere baýraklar gowşurylar.

 Bäsleşige hödürlenýän eserleri «Bäsleşige» diýen ýazgy bilen «Watan» gazetiniň redaksiýasyna ibermeli.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly-100,
Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany.
Telefonlarymyz: 38-61-03; 38-61-05, 38-61-16; 38-61-17.
Gazetiň elektron poçtasy: 





ashgabat.in

Tmpedagog