30.01.2025 Bäsleşiker396

«TÜRKMEN BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞ ÝOLY» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINI


«DIÝAR» ŽURNALYNYŇ REDAKSIÝASY TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ MILLI MERKEZI BILEN BILELIKDE «TÜRKMEN BITARAPLYGY — PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞ ÝOLY» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINI YGLAN EDÝÄR.

BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY

2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilýän bäsleşige her bir gatnaşyjy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä halklary bilen asyrlarboýy dowam edip gelýän parahatçylykly, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, adamzadyň parahat durmuşda ýaşamagynda döwlet derejesinde geçirilýän işleriň, parahatçylygyň hatyrasyna köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde, şeýle hem Bitaraplyk syýasatyny wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň çeper waspyny açyp görkezýän publisistik makaladyr oçerklerini, goşgularyny, oýlanmalaryny hödürläp biler.

Bäsleşige hödürlenjek eserleri gatnaşyjylar türkmen, rus, iňlis dillerinde ýazyp biler. Bäsleşige gatnaşyjylar iberýän eseriniň ýanyna özi hakyndaky gysga görnüşli maglumaty (işleýän ýeri we ýaşaýan salgysy barada maglumat, telefon belgisini, 3x4-lük ölçegdäki foto suratyny) doly we dogry ýazyp görkezmelidir. Eserler kompýuterde ýyglyp, şu salga ýollanylmaly:

Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly-100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany, «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy.

Elektron salgymyz: diyar-zurnaly@sanly.tm

Bäsleşige hödürlenýän eserler 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli kabul ediler.




www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog