«Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşigi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde yglan etmeginde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy:
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda döredijilikli we halal zähmet çekmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýär. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ähli ugurlar boýunça zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna we aň-düşünje taýdan kemala gelmegine ýardam berilýär. Ýurdumyzda çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetinden, medeniýetinden, jemgyýetçilik durmuş ugurlaryndan oňat baş çykarýan, ökde ýaş hünärmenleri taýýarlamaga döwlet derejesinde şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda: «Ýaşnesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmeli» diýip, beren tabşyrygyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
I.Bäsleşigiň maksady:
Bäsleşigiň baş maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr.
II.Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:
Bäsleşige žurnalyň ilkinji sanyndan başlap, her sanynda çap edilýän makalalaryň awtorlary gatnaşdyrylar. Makalalar žurnalistikanyň islendik žanrynda türkmen, rus we iňlis dillerinde taýýarlanylyp bilner. Taýýarlanjak žurnalistik eserlerde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakyndaky aladalary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik işleridir özgertmeleri, nesil terbiýesi, ýaşlaryň durmuşy we gyzyklanmalary ýaly möhüm temalar şöhlelendirilmelidir. Žurnalyň her sanyndaky iň gowy materialyň awtory ýeňiji diýlip yglan ediler. Bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan Hormat haty we ýadygärlik sowgady gowşurylar, şeýle-de bäsleşigiň jemi baradaky maglumat žurnalyň indiki sanynda ýerleşdiriler.
Bäsleşige hödürlenen işler şu salga iberilmeli:
Aşgabat şäheri, 744000, Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 104-nji jaýy,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň redaksiýasy.
Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 44-88-80.
Elektron poçta: arkadaglyyashlar@gmail.com
"Arkadagly ýaşlar" žurnalynyň ilkinji sany