14.01.2025 Bäsleşiker100

«NEBIT-GAZ — BAÝLYGYM, HAZYNA-GENJIM, WASPYŇ ETSIN DILLER, SAŇA BUÝSANJYM!»


atly şygar bilen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmengaz» döwlet konserni, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazeti Türkmenistanyň nebitgaz senagaty toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda bu pudakda alnyp barylýan işler, önümçiligiň öňdebaryjylary hakynda ýazylan iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgularyň, hekaýalaryň bäsleşigini yglan edýär.

BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY

I. Bäsleşigiň maksady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda amal edilýän işleri metbugatda çeper beýan etmek bilen, zähmet adamyny täze döwrüň ruhunda öndürijilikli zähmete galkyndyrmak, Watanymyzda gazanylýan ýokary ykdysady netijeleri halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmek, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer syýasatyň netijelerini dabaralandyrmak.

II. Bäsleşige gatnaşmagyň şerti
Bäsleşige Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärler gatnaşýarlar we ýazan makalalaryny, oçerklerini, fotoreportažlaryny, goşgularyny, hekaýalaryny

«Nebit-gaz — baýlygym, hazyna-genjim,
Waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!»

diýen mowzukda «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasyna iberýärler. iberilen işlerde awtoryň öý salgysy, işleýän ýeri, wezipesi, telefon belgisi takyk görkezilýär.

III. Bäsleşigi geçirmegiň tertibi
Döredijilik bäsleşigi 2025-nji ýylyň dowamynda geçirilip, onuň jemi Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda jemlenilýär. Bäsleşige gelen işler bäsleşigiň jemi jemlenilýänçä «Nebit-gaz» gazetinde

«Nebit-gaz — baýlygym, hazyna-genjim,
Waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!»

diýen mowzuk bilen yzygiderli çap edilýär. Çap edilip ýetişilmedik işler hem bäsleşigiň jemi jemlenilende, çap edilen materiallar bilen bir hatarda hasaba alnar.

«Nebit-gaz» gazetiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 58-nji jaý.

Tel.: (+993 12) 44-08-40.
Faks: (+993 12) 44-19-13.
E-mail: nebit-gazgazeti@oilgas.gov.tm

IV. Bäsleşige gatnaşýanlaryň işlerine baha bermek
Bäsleşige iberilip çap edilen we çap edilip ýetişilmedik makalalara, oçerklere, fotoreportažlara, goşgulara we hekaýalara baha bermek hem-de orunlary kesgitlemek Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekillerinden düzülen eminler topary tarapyndan amala aşyrylýar.

Eminler toparynyň çykaran çözgüdine laýyklykda, bäsleşikde ýokary netije gazananlar aşakdaky tertipde sylaglanýarlar:

1-nji orna mynasyp bolan üç adamyň her birine gymmat bahaly sowgat we Hormat haty;

2-nji orna mynasyp bolan üç adamyň her birine gymmat bahaly sowgat we Hormat haty;

3-nji orna mynasyp bolan üç adamyň her birine gymmat bahaly sowgat we Hormat haty.

Ýeňijileri sylaglamak bilen baglanyşykly çykdajylar Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hasabyna amala aşyrylýar.

Guramaçylyk topary.


www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog