03.01.2025 Bäsleşiker331

MEKDEP OKUWÇYLARY ÜÇIN OLIMPIADA


Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde “Watanyň daýanjy-bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly Türkmenistanyň taryhy, matematika, türkmen dili, iňlis dili, dersleri boýunça olimpiadany guramak we geçirmek hakyndaky

DÜZGÜNNAMA

Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olara jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapmagy üçin şertleri döretmek hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2023-nji ýylyň 14-nji fewralyndaky 49 belgili we Türkmenistanda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işlerini geçirmek barada Gözükdirijini tassyklamak hakynda 2023-nji ýylyň 21-nji iýulyndaky 291 belgili buýruklaryna laýyklykda, mekdep okuwçylaryň zehinlerini artdyrmak, gözýetimini giňeltmek, watançylyk duýgusyny kemala getirmek maksady bilen, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli “Watanyň daýanjy-bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly Türkmenistanyň taryhy, matematika, türkmen dili, iňlis dili, dersleri boýunça olimpiadany guramak we geçirmek hakyndaky Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

Umumy düzgünler
Şu Düzgünnama olimpiadany guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Watana, halkymyza Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, zehinli we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde orta çykýar. Bäsleşigiň geçirilmegi ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň intellektual derejesini kesgitlemäge, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnalogiýalary ulanmakda we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ýardam eder.

Olimpiadanyň maksady
Zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak, saýlap alan hünärine we kärine bolan ukyplaryny seljermek, hem-de olaryň giriş synaglaryň tabşyryljak dersleri boýunça bilimleriniň derejesini kesgitlemek.

Olimpiadanyň guramagyň we geçirmegiň tertibi
1. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ähli mekdepleriň 12-nji synp okuwçylarynyň olimpiada gatnaşmaga hukugy bolup, olar 20.03.2025 senä çenli degişli maglumatlaryny elektron-salga: hgi.charetm@gmail.com ugratmaly. Okuwçylaryň hasaba alnandyklary baradaky maglumat elektron salgylaryna 28-nji marta çenli ugradylar hem-de ol maglumatda bäsleşige gatnaşmaly senesi, wagty görkeziler.

Olimpiadanyň I tapgyrynyň we “Açyk gapylar” gününiň geçiriljek rejesi:
a. 31.03.2025 – Aşgabat, Arkadag şäherleri we Ahal welaýaty – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda;
b. 31.03.2025 – Balkan welaýaty – Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde;
c. 31.03.2025 – Daşoguz welaýaty – Türkmen oba hojalyk institutynda;
d. 31.03.2025 – Lebap welaýaty – S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
e. 31.03.2025 – Mary welaýaty – Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda.

2. I tapgyrna üstünlikli geçen mekdep okuwçylary barada II tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylaryň elektron salgylaryna II tapgyra gatnaşmak üçin ýörite login/açar ugradylar we uzak aralykdan test tabşyrarlar. Olimpiadanyň II tapgyrynyň we “Açyk gapylar” gününiň geçiriljek rejesi:
a. 14.04.2025 – Aşgabat, Arkadag şäherleri we Ahal welaýaty – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda;
b. 14.04.2025 – Balkan welaýaty – Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde;
c. 14.04.2025 – Daşoguz welaýaty – Türkmen oba hojalyk institutynda;
d. 14.04.2025 – Lebap welaýaty – S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
e. 14.04.2025 – Mary welaýaty – Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda.

Ýeňijileri kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
1. Olimpiadada ýokary utuklary gazanmagy başaran mekdep okuwçylarynyň sanawy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanar.

2. I, II, III ýerlere hem-de höweslendiriji ýerler boýunça ýeňijiler Guramaçylyk toparynyň taýýarlanan Hormat haty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen institutda 2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde geçiriljek “Açyk gapylar” gününde sylaglanarlar.

Habarlaşmak üçin: Tel:+99364037176 E-poçta: hgi.charetm@gmail.com


iirmfa.edu.tm

Tmpedagog