27.01.2023 Bäsleşikler69 .

ÜNS BERIŇ! Okuwçylaryň arasynda iňlis dili boýunça olimpiada yglan edilýär!


Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň nazary we amaly bilimlerini berkitmek we kämilleşdirmek, olarda iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty orta mekdepleriň IX-XI synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dili boýunça I olimpiadany yglan edýär!
Olimpiada hasaba alnyşyk elektron poçtanyň üsti bilen amala aşyrylýar. Ýurt derejesinde geçiriljek bu çärä gatnaşmak isleýän her bir gatnaşyjy hasaba alynmak üçin doldurylmaly maglumat nusgasyny institutyň resmi internet saýtyndan ýükläp alyp biler.

Olimpiadanyň I tapgyry 08.02.2023ý. senesinde iňlis dilinde düzme ýazmak görnüşinde geçiriler. Düzmäniň temasy şol senede sagat 14:00-da institutyň internet saýtynda yglan ediler. Gatnaşyja düzme ýazmak we ony elektron poçta arkaly Guramaçylyk toparyna ugratmak üçin 3 sagat wagt berilýär. I tapgyryň netijeleri we II tapgyra gatnaşjak talyplaryň sanawy hem 15.03.2023ý. senesinde ady agzalan ýokary okuw jaýynyň resmi internet saýtynda yglan ediler.

 Olimpiadanyň II tapgyry 01.04.2023ý. senesinde sagat 10:00-da – Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň okuw binasynda Sanly bilim portalyna ýerleşdirilen test esasynda geçiriler.
Goşmaça maglumaty « datmddi.edu.tm » internet saýtyndan alyp bilersiňiz!




ashgabat.in

Tmpedagog