15.03.2024 Bäsleşiker187 .

«Diýar» žurnalynyň redaksiýasy döredijilik bäsleşigini yglan etdi


Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige gatnaşyjylar Magtymguly Pyraga hem-de onuň edebi mirasyna bagyşlanan, dürli žanrlardaky çeper-publisistik makalalary hem-de şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde ýerine ýetirilen eserleri hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenjek eserler türkmen, rus, iňlis dillerinde ýazylyp bilner.

Bäsleşige gatnaşyjylar iberýän eseriniň ýanyna özi hakyndaky maglumatlary (işleýän we ýaşaýan ýeriniň salgysy, doglan ýyly, hünäri, 3x4 ölçegli fotosuraty, elektron salgysyny) hem goşmalydyr.

Eserler kompýuterde ýyglyp, elektron görnüşinde (Times New Roman 14-lik şrifti, 1,5 setirara ölçeglerinde) şu salga ýollanylmalydyr: diyar-zurnaly@sanly.tm

Bäsleşige hödürlenen iň gowy eserler «Diýar» žurnalynda yzygiderli çap ediler. Bäsleşigiň ýeňijileri žurnalyň döredijilik işgärlerinden ybarat eminler toparynyň gelen netijesi boýunça kesgitlener.

Bäsleşigiň jemleri 2024-nji ýylyň dekabr aýynda jemlenip, ýeňijiler Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar, şeýle-de işjeň gatnaşanlar höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin:

«Diýar» žurnalynyň redaksiýasynyň telefon belgileri:
39-95-30,
39-95-22,
39-96-13

Elektron salgysy: diyar-zurnaly@sanly.tm




turkmenportal.com

Tmpedagog