03.02.2024 Bäsleşiker335 .

«Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigi


2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige hödürlenilýän makalalarda beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy taýdan öwrenmekde, goşgularyny dünýä dillerine terjime etmekde alnyp barylýan işler baradaky garaýyşlar öz beýanyny tapmalydyr. Goşgularda we hekaýalarda dana şahyryň döredijilik dünýäsi çeper wasp edilmelidir.

Bäsleşige gatnaşyjylar eserlerini «edebiyatwesungat@sanly.tm» elektron salga ibermeli.

Eserler 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabryna çenli kabul edilýär.

Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşurylar.


"Edebiýat we sungat" gazeti, 02.02.2024

Tmpedagog