«Änew: geçmişi we şu güni» atly döredijilik bäsleşigi
2024-nji ýylda halkara TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Änew: geçmişi we şu güni» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşige hödürlenilýän makalalardyr goşgularda gadymy Änewiň geçmişi, bu ýerde türkmen we daşary ýurtly alymlar tarapyndan dürli ýyllarda alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijeleri, bu toprakda ýaşap geçen tanymal şahsyýetleriň ömri we döredijiligi, Änewiň medeni gymmatlyklaryny şekillendiriş sungatynda suratlandyran nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň döreden eserleri baradaky pikirler çeper beýan edilmelidir.
Bäsleşige gatnaşyjylar eserlerini «edebiyatwesungat@sanly.tm» elektron salga ibermeli.
Eserler 2024-nji ýylyň 30-njy iýulyna çenli kabul edilýär.
Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşurylar.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 02.02.2024