«Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sagdyn durmuş ýörelgesi» atly döredijilik bäsleşigi
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sagdyn durmuş ýörelgesi» atly döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy
Bäsleşigiň maksady:
Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzda pähim-paýhas ummany bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasynda goýlandyr. Beýik şahyryň ruhy sagdynlyk bilen birlikde ynsan saglygyny goramagy hem öz eserlerinde ýörelge edinipdir. Şonuň üçin hem «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň döredilmegine 5 ýyl dolýan ýylda «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sagdyn durmuş ýörelgesi» atly döredijilik bäsleşigini geçirmek maksat edinilýär.
Bäsleşigiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramakdan hem-de bu il bähbitli işi wagyz etmekden, ýaş nesliň sporta bolan höwesini artdyrmakdan ybaratdyr
Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:
Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, şeýle-de ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan okuwçylar, talyplar we dürli pudaklarda zähmet çekýän dürli kärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, her bir gatnaşyjy Magtymguly Pyragynyň ynsan saglygyndan, sagdynlyk ýörelgesinden, hereketde bolmakdan söhbet açýan ajaýyp eserleriniň täsiri bilen edebiýatyň we žurnalistikanyň dürli žanrlarynda makalalar we eserler döredip, goşgudyr hekaýalar ýazyp iberip bilerler. Şeýle-de, beýik şahyryň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän goşgularyň ähmiýeti hakynda öz garaýyşlaryny beýan edýän eserler, gatnaşyjylaryň döredijiligi kabul ediler.
Bäsleşige gatnaşýanlaryň hödürleýän işlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösüp gelýän ýaş nesliň sporta imrikmegine we sagdyn bedenli ýaşlar bolup kemala gelmegine Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ähmiýeti açylyp görkezilmelidir.
Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň wekillerinden düzüler.
Bäsleşigiň düzgünleri:
Ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň sagdyn ruhly we sagdyn bedenli nesil bolmak baradaky dana öwütleriniň esasynda terbiýelemek maksady bilen geçirilýän «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sagdyn durmuş ýörelgesi» atly 2024-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşiginiň eminler topary edebiýatyň we žurnalistikanyň žanrlarynda beýan edilen eserleriň arasyndan ýeňijileri saýlap alarlar. Bäsleşigiň jemi boýunça žurnalistikanyň we edebiýatyň dürli žanrlaryndaky eserleriň iň gowularyna baýraklar gowşurylar. Bäsleşige iberilýän materiallar 2024-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul ediler.
— žurnalistikanyň dürli žanrlarynda material taýýarlamak;
— edebiýatyň dürli žanrlarynda beýan etmek.
Edebiýat boýunça 2 sany 1-nji ornuň, 2 sany 2-nji ornuň, 2 sany 3-nji ornuň (ýaşlar we okuwçylar) eýeleri kesgitleniler. Şeýlede, žurnalistika boýunça 2 sany 1-nji ornuň, 2 sany 2-nji ornuň, 2 sany 3-nji ornuň (ýaşlar we okuwçylar) eýeleri kesgitleniler. Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary we «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sanlary gowşurylar.
Elektron salgymyz:
turkmenistansport@sanly.tm
Telefon: 22-81-38.
"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 22.01.2024