16.01.2024 Bäsleşiker529

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly 2024-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşigi


Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly 2024-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy:


Bäsleşigiň maksady:
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hemde dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak barada, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etmegi ähli türkmenistanlylary ruhlandyrdy.

2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrmak barada öňe sürlen teklibiň tassyklanylmagy ähli watandaşlarymyz bilen bilelikde türkmenistanly ýaşlaryň hem ýüreklerini joşdurdy. Bu şatlykly wakanyň tutuş halkymyz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edilmegi bagtyýar zamanamyzy esaslandyran hem-de agzybir halkymyzy, ata Watanymyzy täze üstünliklere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasatynyň tutuş jemgyýetimizde döredijilik galkynyşyny döredýändigini görkezýär.

Ösüp gelýän ýaş nesliň we geljekki hünärmenleriň dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, edebi mirasy barada düşünjelerini, dünýägaraýyşlaryny has-da giňeltmek, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi-pelsepeleýin döredijiligine goýýan belent sarpalary, şahyryň edebi mirasyny ebedileşdirmek babatda alyp barýan beýik işleri barada bilimlerini artdyrmak maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň wekillerinden düzüler.

Bäsleşigiň düzgünleri:
Ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň dana paýhaslarynyň we öwütleriniň esasynda terbiýelemek, olaryň döredijilik ylhamyny joşdurmak maksady bilen geçirilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly 2024-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşigine dürli kärde işleýän ýaşlar, harby gullukçylar, talyplar we okuwçylar gatnaşýarlar.

Eminler topary tarapyndan ýaşlaryň we okuwçylaryň arasynda ýeňijiler žurnalistikanyň we edebiýatyň žanrlary boýunça aýry-aýrylykda yglan ediler. Bäsleşigiň jemi boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda ýazylan žurnalistikanyň we edebiýatyň dürli žanrlaryndaky eserleriň iň gowularyna baýraklar gowşurylar.
– žurnalistikanyň dürli žanrlarynda material taýýarlamak;
– edebiýatyň dürli žanrlarynda beýan etmek.

Edebiýat boýunça 2 sany 1-nji ornuň, 2 sany 2-nji ornuň, 2 sany 3-nji ornuň (ýaşlar we okuwçylar) eýeleri kesgitleniler. Şeýlede, žurnalistika boýunça 2 sany 1-nji ornuň, 2 sany 2-nji ornuň, 2 sany 3-nji ornuň (ýaşlar we okuwçylar) eýeleri kesgitleniler. Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary we «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sanlary gowşurylar.

Bäsleşigiň geçiş tertibi:
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler şu bäsleşigiň döwürleýin metbugatda ýa-da resmi saýtda çap edilen gününden başlap, 2024-nji ýylyň 15-nji martyna çenli öz materiallaryny görkezilen salga elektron nusgada iberip bilerler.

Hödürlenen eserlerde awtoryň ady, familiýasy, işleýän ýa-da okaýan ýeriniň doly ady, eýeleýän wezipesi, iş, öý ýa-da el telefonynyň belgisi hem-de öý salgysy dogry we takyk görkezilmelidir.

Ugradylan eserleriň we materiallaryň iň gowulary «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda we onuň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysynda çap edilip bilner. Materiallary çap etmek redaksiýanyň ygtyýaryna berilýär.

Elektron salgymyz:
turkmenistansport@sanly.tm
Telefon: 22-81-38.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 15.01.2024

Tmpedagog