«Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — kämillik mekdebi» atly 2024-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşigi
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — kämillik mekdebi» atly 2024-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy:
Bäsleşigiň maksady:
Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleriniň, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşikleriniň, zähmet toparlarynyň we raýatlarymyzyň teklipleri esasynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etmegi türkmen halkyny, şol sanda ýaşlarymyzy diýseň ruhlandyrdy. Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy dana şahyryň döredijiligine bolan gyzyklanmany artdyrdy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen ýaşlarynyň öňünde uly wezipeler durýar. Olar Türkmenistany täze üstünliklere ýetiren we bize bagtyýar durmuşy üpjün edip beren Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny, peder ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ajaýyp başlangyçlaryny halk köpçüligine ýetirmek üçin yhlas edýärler. Döredijilik bäsleşigi bolsa bu babatda alnyp barylýan işleriň gerimini has giňeltmäge itergi berer.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň türkmen halkynyň berkarar döwletli bolmak baradaky ýörelgeleri öz içine alýandygy, sagdyn durmuş ýörelgesini, ynsan saglygy bilen bagly ündewleri beýan edýändigi sebäpli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň bilelikde döredijilik bäsleşigini yglan etmegi ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiligi, edebi mirasy bilen ýakyndan tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýýan belent sarpalary, onuň edebi mirasyny ebedileşdirmek boýunça badalga beren döwletli başlangyçlary «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — kämillik mekdebi» atly döredijilik bäsleşigine hödürlenýän eserleriň we makalalaryň süňňünden eriş-argaç bolup geçmelidir.
Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň wekillerinden düzüler.
Bäsleşigiň düzgünleri:
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — kämillik mekdebi» atly 2024-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşigine ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar, harby gullukçylar, talyplar we mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler.
Bäsleşigiň eminler topary tarapyndan ýaşlaryň we okuwçylaryň arasynda ýeňijileri žurnalistikanyň we edebiýatyň žanrlary boýunça aýry-aýrylykda yglan etmek göz öňünde tutulýar. Bäsleşigiň jemi boýunça žurnalistikanyň we edebiýatyň dürli žanrlarynda döredilen eserlerdir makalalaryň arasyndan has kämil hasaplananlary saýlanyp seçiler. Olaryň arasyndan bolsa ýeňijiler kesgitleniler.
Edebiýat boýunça 2 sany 1-nji ornuň, 2 sany 2-nji ornuň, 2 sany 3-nji ornuň (ýaşlar we okuwçylar) eýeleri kesgitleniler. Şeýle-de, žurnalistika boýunça 2 sany 1-nji ornuň, 2 sany 2-nji ornuň, 2 sany 3-nji ornuň (ýaşlar we okuwçylar) eýeleri kesgitleniler. Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglanylar. Şeýle-de, ýeňijilere «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sanlary gowşurylar.
Bäsleşigiň geçiş tertibi:
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler şu bäsleşigiň döwürleýin metbugatda ýa-da resmi saýtda çap edilen gününden başlap, 2024-nji ýylyň 15-nji martyna çenli öz materiallaryny görkezilen salga elektron nusgada iberip bilerler.
Döredijilik bäsleşigine iberilen hatlarda awtoryň ady, familiýasy, işleýän ýa-da okaýan ýeriniň doly ady, eýeleýän wezipesi, iş, öý ýa-da el telefonynyň belgisi hem-de öý salgysy dogry we takyk görkezilmelidir.
Ugradylan eserleriň we materiallaryň iň gowulary «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda we onuň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysynda çap edilip bilner. Materiallary çap etmek redaksiýanyň ygtyýaryna berilýär.
Elektron salgymyz:
turkmenistansport@sanly.tm
Telefon: 22-81-38.
"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 15.01.2024