16.01.2024 Bäsleşiker404

«Magtymguly — söz ummanynyň ägirdi» atly döredijilik bäsleşigi


Bäsleşigiň maksady

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen barha öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz şan-şöhratly ösüşlere beslenýär. Uly ruhubelentlik, ýagşy arzuw-niýetler bilen gadam basan, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan täze ýyl nurana geljegimiz baradaky çäksiz umytlardan gözbaş alýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky Kararyndan ugur alyp, beýik akyldaryň ömri we döredijiligini, şahyrana dünýäsini, ynsanperwerligini, päk ahlaga, watansöýüjilige ýugrulan şygyrlaryny çuňňur öwrenip, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýazyjy-şahyrlarynyň beýik söz ussadyna bagyşlap döreden goşgularyny, hekaýalaryny, şahyrana oýlanmalaryny, poemalaryny we şahyryň edebi döredijiligine bagyşlanan rowaýatlary, tymsallary giňden beýan etmek, dürli kärde zähmet çekýän okyjylarymyzyň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak, esasan-da, olary täze döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Magtymguly — söz ummanynyň ägirdi» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.


Bäsleşigiň şertleri

«Magtymguly — söz ummanynyň ägirdi» ady bilen geçiriljek döredijilik bäsleşigine Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir raýaty öz döreden çeper eserleri, hekaýalarydyr şahyrana oýlanmalary, poemalary, rowaýatlarydyr tymsallary, goşgulary, umuman, dürli žanrda ýazylan eserleri bilen gatnaşyp bilerler. Bäsleşige iberilýän eserlerde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, ýaşan döwri, şol döwrüň ruhy, durmuş ýörelgeleri, akyldaryň ene toprak, ata Watan, halal zähmet baradaky şygyrlaryndan, öwüt-ündewlerinden, nesihatlaryndan täsirlenip döredilen eserler giň beýanyny tapmalydyr. Her bir ýazylan eseriň žanr aýratynlygyna üns berilmelidir.


Bäsleşigiň jemini jemlemek

Bäsleşige hödürlenen eserleriň iň gowulary «Zenan kalby» žurnalynda yzygiderli çap edilip, olara baha bermek üçin guramaçylar tarapyndan ýörite eminler topary düzülýär. Iberilen eserleriň döwrebaplygyna, çeperçiligine, žanr aýratynlygyna üns berler. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler toparynyň gelen netijesi boýunça kesgitlener. Bäsleşigiň jemleri 2024-nji ýylyň dekabr aýynda jemlenip, ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan çeper eserler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bäsleşige hödürlenýän çeper eserleriň ýanynda oňa gatnaşyjy baradaky maglumatlar, salgylar we 3-4 ölçegli fotosurat bolmalydyr.

Hödürlenýän çeper eserleri şu salga ibermeli:

Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany. «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy ýa-da E-mail salgymyz: zenankalby@sanly.tm




www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog