«Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň!» atly döredijilik bäsleşigi
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen bir hatarda milli medeniýetimizi, edebiýatymyzy dünýä çykarmakda uly işler edilýär. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda dürli döredijilik bäsleşikleri yglan edilýär. «Watan» gazetiniň redaksiýasy hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi bilen bilelikde 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, buýsançly geçmişimizi, şanly şu günümizi, eşretli ertirimizi gazet sahypasynda şöhlelendirmek maksady bilen, gazetiň okyjylarynyň arasynda «Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Okyjylar köpçüligi öz ýazan (öň çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik) makalalaryny, hekaýalaryny, goşgularyny bäsleşige hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenýän işlerde milli medeniýetimizi we edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda, dana atamyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmakda alnyp barylýan işler döredijilikli beýan edilmelidir. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi köptaraplaýyn açylyp görkezilmäge çalşylmalydyr.
Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän we ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonyny) goşmalydyr. Bäsleşigiň jemi 2024-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener we ýeňijilere baýraklar gowşurylar.
Bäsleşige hödürlenýän eserleri «Bäsleşige» diýen ýazgy bilen «Watan» gazetiniň redaksiýasyna ibermeli.
Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly-100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany.
Telefonlarymyz: 38-61-03; 38-61-05, 38-61-16; 38-61-17.
Gazetiň elektron poçtasy:
watan@sanly.tm
"Watan" gazeti, 16.01.2024