24.10.2023 Bäsleşiker727

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» döredijilik bäsleşigi


Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilýän döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy

Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr.

Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylar gatnaşyp bilerler. Olar «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmelerini, çeken suratlaryny we maketlerini hödürläp bilerler.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşýan okuwçylaryň hödürlän işlerinde ýurdumyzyň ösüşi, parahatsöýüjilik ýörelgeler, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, hemişelik Bitaraplygymyzyň gazananlary, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper keşbi wasp edilmelidir.

Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän düzmäniň möçberi 3 sahypadan uly bolmadyk görnüşde bolmalydyr. Surat eserleriniň we maketleriň ölçegi bolsa boýy 50 sm, ini 70 sm ululykda bolmaly. Suratlar çekilende guaş reňkleri ulanylyp, olar plakat görnüşinde berilmeli. Bäsleşik dört tapgyrda geçiriler: birinji tapgyr 3-14-nji oktýabr aralygynda mekdeplerde, ikinji tapgyr 18-21-nji oktýabr aralygynda etraplarda, şäherlerde, üçünji tapgyr 3-11-nji noýabr aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçiriler. Bu tapgyrda ýeňiji bolan işler 20-nji noýabra çenli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy orta bilim bölümine iberilmelidir. Döredijilik bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabat şäherinde geçiriler.

Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyrynda ýokarda görkezilen 3 sany ugruň her biri boýunça 3 sany döredijilik işi saýlanyp alnar we degişlilikde her ugur boýunça 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan döredijilik işleri kesgitlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine gurnaýjylaryň adyndan Diplomlar we sowgatlar, işjeň gatnaşan mekdep okuwçylaryna Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan döredijilik işleri «Güneş» žurnalynda çap ediler.

Guramaçylyk topary.
Habarlaşmak üçin: 44-86-40, 44-88-85, 44-88-79, 38-61-70.





www.turkmenmetbugat.gov.tm
"Güneş" žurnaly, 16.10.2023

Tmpedagog