«Alaja — el işimiň maýasy, hemmä ýeter saýasy» atly döredijilik
Döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak we olary geljekki nesillerimize ýetirmek maksady bilen, «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy «Alaja — el işimiň maýasy, hemmä ýeter saýasy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşik Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde çeper elli zenanlarymyzyň gadymyýetden bagtyýar nesillerimize miras goýan, ajaýyp hem-de nepis el işleriniň çeper waspyny giň okyjylar köpçüligine ýaýmak maksady bilen geçirilýär. Bu ugurda geçirilýän bäsleşikler gelin-gyzlarymyzyň, döredijilik işgärleriniň, ylaýta-da, sungata höwesek ýaşlaryň döredijilik ylhamyny artdyrmaga ýardam berýär.
Bäsleşigiň şertleri
— bäsleşige gatnaşyjylar asyrlaryň dowamynda sünnälenip, çeper el hünäriniň milli derejä ýetirilmeginde alnyp barylýan asylly işleriň, el işiniň iň kämil nusgasy bolan alajany gözüň agy-garasyna, gijäniň tümlügine, gündiziň ýagtylygyna meňzedýän halkymyzyň bu mirasa bolan söýgüsiniň waspyny ýetirýän dürli žanrlardaky eserlerini hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenjek eserler türkmen dilinde ýazylmaly.
— bäsleşige gatnaşyjylar iberýän eseriniň ýanyna özi hakyndaky maglumatlary-da (işleýän we ýaşaýan ýeri, doglan ýyly, hünäri, telefon belgisi) goşmalydyrlar.
— bäsleşige gatnaşyjylar eserlerini şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly-100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany, «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy. Elektron salgymyz: diyar-zurnaly@sanly.tm
Bäsleşigiň jemini jemlemek
— bäsleşige hödürlenýän eserler «Diýar» žurnalynyň elektron neşiriniň sahypalarynda goýlar.
— bäsleşigiň jemi jemlenende, elektron neşirde goýlan dürli žanrlardaky eserlere okalan sany hem-de eminleriň beren bahasy boýunça aýratynlykda serediler we ýeňijiler kesgitleniler.
— hödürlenýän eserler 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 30-una çenli kabul ediler we bäsleşik dekabr aýynyň ikinji ongünlüginde jemlener. «Alaja — el işimiň maýasy, hemmä ýeter saýasy» atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolanlar dabaraly ýagdaýda «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.
Habarlaşmak üçin
«Diýar» žurnalynyň redaksiýasynyň telefon belgileri: 39-95-30 39-95-22, 39-96-13
www.turkmenmetbugat.gov.tm
"Diýar" žurnaly, 16.10.2023