23.10.2023 Bäsleşiker337

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik


Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda çykaran Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen geçirilýän döredijilik bäsleşigine ussadyň edebi mirasyny, paýhas hazynasyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işlere bagyşlanan goşgular, makalalar, hekaýalar, gazet-žurnallaryň, kitaplaryň bezeg işleri, aýdym-sazlar, heýkel, keramika, nakgaş, grafika eserleri, haly we haly önümleri, pýesalar, wideogörnüşler, dokumental we çeper-publisistik filmler hödürlenýär.

Bäsleşige hödürlenýän edebi eserleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige» diýen ýazgy bilen 4 nusgada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölümine ibermeli. Hödürlenýän goşgularyň arasynda aýdyşyk, kasyda, murapbag, muhammes, müseddes, musabba, nezire ýaly görnüşlerde ýazylan eserleriň bolmagy hökmanydyr.

Salgysy: 744000, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýy. Tel: 44-00-71, 44-00-77.
Elektron salgysy: doredijilikmedeniyet@sanly.tm

Heýkel, keramika, nakgaş, grafika eserlerini, haly we haly önümlerini Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna tabşyrmaly.

Salgysy: Aşgabat şäheri, 2022-nji (A.Nowaýy) köçäniň 90-njy jaýy.

Pýesalary, wideogörnüşleri, dokumental we çeper-publisistik telefilmleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölümine ibermeli.

Salgysy: 744000, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýy. Tel: 44-00-60, 44-00-55.

Bäsleşige ýaş kompozitorlardyr aýdymçylar şu ugurlar boýunça gatnaşyp bilerler:

— Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna we akyldar şahyra bagyşlanan goşgulara döredilen estrada aýdymy, romans, hor eseri, halk saz gurallarynyň ýanynda ýerine ýetirilýän aýdymlar;

— Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerine terjime edilen şygyrlaryna döredilen estrada aýdymy, romans;

— Magtymguly Pyraga bagyşlanan we ussadyň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek.

Bäsleşige gatnaşýan kompozitorlardyr aýdymçylar eserleriniň audio we wideo ýazgylaryny özleri baradaky maglumatlar (familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri we fotosuraty) bilen bilelikde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Saz edaralary we halk döredijiligi bölümine ibermeli.

Salgysy: 744000, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýy. Tel: 44-00-11, 44-00-99.

Bäsleşige 16-35 ýaş aralygynda bolan raýatlar gatnaşyp bilerler. Hormatly atlaryň eýeleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri bäsleşige gatnaşdyrylmaýar. Bäsleşige metbugatda öň çap edilmedik eserler, ozal ýerine ýetirilmedik aýdym-sazlar hödürlenmelidir.

Eserler 2023-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli kabul edilýär. Bäsleşik 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde jemleniler. Ýeňijiler Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul baýragy bilen sylaglanylar.


"Edebiýat we sungat" gazeti, 15.09.2023

Tmpedagog