«Ýaşlar we sagdyn durmuş ýörelgesi» atly fotosurat bäsleşigi
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli okuwçylaryň, talyplaryň we dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaşlar we sagdyn durmuş ýörelgesi» atly fotosurat bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Bäsleşigiň maksady
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygy hakynda alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça amala aşyrylýan beýik işler bu asylly aladalaryň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyz bedenterbiýäniň we sportuň ynsan durmuşyndaky ornuna ünsi çekip: «Sport — munuň özi gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň we progresiň belentliklerine tarap ymtylyşyň janly beýanydyr» diýmek bilen, ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň berk binýadyny goýdy. Şu günki ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň asylly göreldelerine eýerip, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini özleriniň bagtyýar durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwürýärler.
Bu ajaýyp özgertmeleri köpçülikleýin wagyz etmekde, dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmakda ýaşlara möhüm wezipeler degişlidir. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, umumybilim berýän orta mekdeplerde, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan we sport bilen meşgullanýan okuwçylaryň, talyplaryň, şeýle-de dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaşlar we sagdyn durmuş ýörelgesi» atly fotosurat bäsleşigini yglan edýär.
«Ýaşlar we sagdyn durmuş ýörelgesi» atly fotosurat bäsleşiginiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek babatda ýaş raýatlara goldaw bermekde hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekden, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekden, ýaşlarda bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaga islegi ösdürmekden, sporta bolan höweslerini artdyrmakdan, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraý-şöhratyny giňden ýaýmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, her bir gatnaşyjy özüniň sportuň dürli ugurlary boýunça türgenleşik geçýän, sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinýän pursadyny çeper suratlandyryp beýan edýän fotosuratlary düşürýär we olary elektron göterijilerde bäsleşigiň eminler toparyna, şu Düzgünnamada görkezilen elektron salga iberýär.
Bäsleşige gatnaşýan ýaşlaryň hödürleýän işlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösüp gelýän ýaş nesliň sportuň dürli ugurlaryna bolan höwesi şöhlelenmelidir.
Bäsleşige hödürlenilýän fotosuratlar reňkli we ýokary hilli bolmalydyr.
Bäsleşige iberilen surat eserleriniň ýany bilen:
— bäsleşige gatnaşyjylaryň dogluş hakynda şahadatnamasynyň ýa-da pasportynyň göçürmesiniň;
— gatnaşyjy barada umumybilim berýän orta mekdebiň müdiriniň ýa-da ýörite we ýokary okuw mekdebiniň degişli bölüminiň (işgärler, okuw bölümleri, dekanat, kafedra) ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanan güwänamanyň;
— gatnaşyjynyň ýaşaýan ýeriniň salgysynyň we telefon belgisiniň iberilmegi hökmandyr.
Bäsleşige hödürlenýän fotosuratlar we gatnaşyjy barada maglumatlar «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň e-mail: turkmenistansport@sanly.tm elektron salgysyna 2023-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli iberilmelidir.
Bäsleşikde ýaşlaryň her biri tarapyndan iberilen fotosuratlaryň arasyndan deslapdan 3 sany iň kämil düşürilen fotosurat işi saýlanyp alnar we tapawutlanan ýaşlara höweslendiriji baýraklar gowşurylar.
Ýeňijileri kesgitlemek
Bäsleşikde 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlar boýunça ýeňijiler we höweslendiriji baýraklaryň eýeleri kesgitleniler.
Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we höweslendiriji baýraklaryň eýelerine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sanlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon: +99312228138
"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 02.10.2023