«Bilimli nesil — kuwwatly Watan» bäsleşigi
Mähriban çagalar, «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň bilelikde guramaklarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» şygary bilen ýörite bäsleşigiň geçirilýändigini habar berýäris. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz-nesihat ediji bu bäsleşigiň düzgünnamasy:
Bäsleşigiň maksady, hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, sagdyn hem berk bedenli, geljekki durmuşa taýýar, giň düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky talaplaryny durmuşa geçirmekden, «Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmekden, orta mekdepleriň okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden, olaryň ýangyn howpuna garşy göreşmäge bolan raýatlyk borçlaryna düşünjesini artdyrmakdan, emläk eýeçiligine aýawly garamaklaryny, döredijilik ukyplaryny, ruhy we aň-bilim taýdan taplanmaklaryny terbiýelemekden, şeýle hem ýangyn-tehniki serişdeleriniň ulanylyş ýagdaýlaryny öwretmekden, ýangyn-tehniki bilimlerini, hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, ýurdumyz boýunça dürli ýaşdaky mekdep okuwçylary ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz-nesihat ediji açyk temalardan düzme, hekaýa, bolup geçen wakalara esaslanýan beýannama ýazmak boýunça özara bäsleşerler.
Düzmeler, hekaýalar we beýannamalar ýazylanda kompýuterde «Times New Roman» şriftinde 16-lyk ölçegde bolup, ýazylan döredijilikli eserler bir sahypadan az bolmaly däldir. Olary hat üsti bilen ýa-da «Güneş» žurnalynyň elektron salgysyna (gunesh_tm@sanly.tm) ugradyp bilersiňiz. Şeýle hem öz okaýan mekdebiňizi, synpyňyzy we ýaşaýan salgyňyzy, öý we ykjam el telefonyňyzy doly we dogry ýazyp görkezmeli.
Bäsleşige gatnaşdyryljak işler 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 8-ine çenli kabul edilýär. Görkezilen möhletden gijä galan işler bäsleşige gatnaşdyrylmaýar.
Emin agzalary bäsleşige hödürlenen işleri seljerip, öz bilimini, ukyp-başarnygyny açyp görkezen okuwçylaryň arasyndan ýeňijileri saýlap alarlar. Öňdäki orunlara mynasyp bolan, Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlardan 3 (üç) sany mekdep okuwçysyna öz okaýan mekdeplerinde ýa-da ýaşaýan salgylarynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda degişli Diplom bilen bilelikde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň sowgatlary gowşurylar.
Bäsleşige işjeň gatnaşmaga çagyrýarys, eziz jigiler!
Guramaçylyk topary.
"Güneş" žurnaly, 20.09.2023