«Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşigi
«Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilýän «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy:
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilýän döredijilik bäsleşigine mekdep okuwçylary hekaýa, düzme ýazmak we çekilen suratlar boýunça gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige hödürlenilýän işlerde öz göbek gany daman topragyny jany bilen söýen, bu babatda özi ulus-ile görelde bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň milli aýratynlyklary giňden açylyp görkezilmelidir.
Bäsleşige iberiljek düzmeler okuwçylaryň okaýan synplaryna laýyklykda, düzme ýazmaklyga bildirilýän talaplar boýunça ýazylan bolmalydyr. Şeýle-de hödürlenilýän işlerde okuwçylaryň göz öňünde tutan meýilnamalarynyň many-mazmunynyň doly açylyp görkezilmegine aýratyn üns berilmelidir.
Surat çekmek şerti boýunça bäsleşige mekdep okuwçylary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan surat eserleri bilen gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige hödürleniljek eserleri hat üsti bilen ýa-da «Güneş» žurnalynyň «gunesh_tm@sanly.tm» elektron salgysyna ugradyp bilersiňiz.
Düzmeler, hekaýalar ýazylanda, kompýuterde «Times New Roman» şriftinde 16-lyk ölçegde bolup, ýazylan döredijilikli eserleri iki sahypadan az bolmaly däldir. Bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylary öz okaýan mekdebini, synpyny we ýaşaýan salgysyny, öý we öýjükli ykjam el telefonyny doly we dogry ýazyp görkezmelidir.
Bäsleşik 2024-nji ýylyň maý aýynda jemlener. Bäsleşikde 3 ugurda — hekaýa, düzme ýazmak, şeýle-de surat çekmek boýunça ýeňijiler yglan ediler. Ýeňijilere bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Eziz çagalar, sizden geljek hatlara, döredijilik eserlerine garaşýarys!
Guramaçylyk topary.
"Güneş" žurnaly, 20.09.2023