08.09.2023 Bäsleşiker169 .

Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlaryň arasynda Magtymgula bagyşlanan döredijilik bäsleşigini yglan etdi


Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik yglan edildi hem-de ony 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlemek bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugyna bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerini Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýragy we altyn zynjyry bilen sylaglamak, pul baýragyny Türkmenistanyň Prezidentiniň haýyr-sahawat gaznasyndan bermek bellenildi.

Bäsleşik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň kalbynda dana şahyryň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly milli ýol-ýörelgelere söýgi döretmek, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek maksady bilen yglan edildi.




turkmenportal.com

Tmpedagog