07.06.2023 Bäsleşikler88 .

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: türkmen obasynyň täze keşbi» atly döredijilik bäsleşigi


Golaýda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: türkmen obasynyň täze keşbi» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige hödürlenilýän işlerde Garaşsyz ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm strategik maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. Düzgünnamada bellenilişi ýaly, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler oba durmuşy, obanyň taryhy, onda uly yz goýan belli şahsyýetler hakynda-da ýazyp bilerler. Eserler oba medeniýet öýleri, milli gymmatlyklary aýratyn sarpalaýan adamlaryň öý muzeýleri, uzak ýaşly ýaşaýjylar barada hem bolup biler. Täze döwrüň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan daýhan hojalyklary, öňdebaryjy daýhan birleşikleri, tejribeli daýhanlar, şol sanda ussat bagbanlardyr pileçiler baradaky makalalar hem bäsleşige kabul ediler.

Oçerkler jemgyýetiň öňdebaryjylaryna, uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşup gelýän döwürdeşlerimize, zähmet adamlaryna bagyşlanmalydyr.

Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar şu ýylyň 15-nji dekabryna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnyp, dekabr aýynyň soňky ongünlüginde jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Bäsleşige hödürlenilýän işler elektron nusgada «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 10a0, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron poçtasyna (turkmenistan-gazeti@online.tm) degişli bäsleşigiň ady bilen ugradylmalydyr. Olaryň arasyndan iň gowulary saýlanyp-seçilip gazetde çap ediler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-67.


“Türkmenistan” gazeti, 06.06.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog