09.05.2023 Bäsleşikler151

«Medeniýet — halkyň kalby» atly döredijilik bäsleşigi


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guraýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet — halkyň kalby» atly döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy:

Bäsleşigiň maksady:
Halkymyzyň umumadamzat gymmatlyklaryny düzýän medeni mirasyny, çeperçilik, teatr, kino, sirk sungatynyň ösüş taryhyny, olarda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilişini beýan edýän, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýeleýän çeper, publisistik žanrlarda eserleri döredýän ýaş zehinleri ýüze çykarmak.

Eserleriň mazmunyna we hiline talaplar:
Bäsleşige hödürlenýän eserleriň awtorlary öz çeper we publisistik eserlerinde beýan edýän ugurlary boýunça Garaşsyzlyk döwrümize çenli we Garaşsyzlyk eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan amala aşyrylan işleri takyk we dogry beýan edip bilmeli.

Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde saýlanylyp alnan žanr boýunça talaplar, pikir yzygiderliligi, maglumatlaryň, sanlaryň, seneleriň beýan edilişi, ýazuw we dyngy belgi kadalary takyk görkezilen bolmaly.

Eminler topary:
Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasynyň wekillerinden düzülýär.

Bäsleşigiň düzgünleri:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli yglan edilýän «Medeniýet — halkyň kalby» atly döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň ýokary, ýörite we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdyrylýar.

Ýeňijiler çeper edebiýat we publisistik žanrlar boýunça ýazylan eserler esasynda, şeýle hem talyp ýaşlaryň we orta mekdep okuwçylarynyň arasyndan aýratynlykda kesgitleniler.

Bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňijiler we höweslendiriji baýraklaryň eýeleri dabaraly ýagdaýda yglan edilip, olara degişli sowgatlar we Hormat hatlary gowşurylar.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, baş baýraklaryň (2 sany: 1-i çeper eserler boýunça; 1-i publisistik eserler boýunça), 1-nji, 2-nji we 3-nji baýrakly orunlaryň (her biri 3 sany: 1-i çeper eserler boýunça, 1-i publisistik eserler boýunça, 1-i mekdep okuwçylarynyň döredijiligi boýunça), şeýlede höweslendiriji baýraklaryň (her ugur boýunça 2-si, jemi 6) gowşurylmagy göz öňünde tutulýar.

Bäsleşigiň tertibi:
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler şu bäsleşigiň döwürleýin metbugatda we resmi saýtda çap edilen gününden başlap, 2023-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli özleriniň bäsleşige gatnaşmak üçin döreden eserlerini görkezilen salga elektron nusgada iberip bilerler.

Iberilen çeper we publisistik eserler «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda we onuň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysynda çap edilip bilner.

Eserleri çap etmek «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasynyň ygtyýaryna berilýär.

Eserleri ibermek üçin elektron salgymyz:

Telefon: 22-81-38.



"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 08.05.2023

Tmpedagog