09.04.2023 Bäsleşikler69 .

«Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly bäsleşik!


Bäsleşigiň düzgünnamasy:
Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň danalyga püre-pür şahyrana eserleri türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy. Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem hormat goýýar. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr» diýip, beýik akyldaryň ruhy ummanynyň döwlet, halk, geljekki nesiller üçin syýasy älemdäki bahasyna ýetip bolmajak beýik taglymatdygy barada buýsanç bilen aýdyşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi adatdan daşary bütewi we şonuň bilen birlikde, köpugurlydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky Kararyndan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş ýazyjy-şahyrlarynyň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak, esasan-da, olary täze döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen «Garagum» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige döwletimiziň her bir ýaş raýaty öz döreden çeper eserleri, ýagny hekaýalarydyr goşgulary bilen gatnaşyp biler. Bäsleşige iberilýän eserlerde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, şahyrana dünýäsi täze eýýamyň ruhunda giň beýanyny tapmalydyr. Kyssadyr şygryň žanr aýratynlyklaryna üns berilmelidir. Bäsleşige hödürlenen eserlere baha bermek üçin guramaçylar tarapyndan ýörite eminler topary düzülýär. Iberilen eserleriň döwrebaplygyna, çeper beýan edilişine, žanr aýratynlygyna üns berler. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler toparynyň gelen netijesi boýunça kesgitlener. Bäsleşigiň jemleri 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlenip, ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar, diplomlar hem-de höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bäsleşige hödürlenilýän çeper eserleriň ýanynda oňa gatnaşyjy baradaky maglumatlar, işleýän ýa-da okaýan ýeri, salgysy we 3х4 ölçegli fotosurat bolmalydyr.

«Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly bäsleşige hödürlenilýän çeper eserler şu salga iberilmelidir: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100-nji jaý, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany, «Garagum» žurnalynyň redaksiýasy.

Elektron salgymyz: garagum-zurnaly@online.tm
Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 38-61-83.


«Garagum».


ahal.info/tm

Tmpedagog