25.03.2023 Bäsleşikler146 .

Döredijilijk bäsleşigi: «Ajap eýýam gelendir, seýrana gel, Pyragy!»


 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda barha rowaçlanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan belent hormat-sarpany giňden wagyz etmek, döredijilik bilen meşgullanýan ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň hem-de «Balkan» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň karary esasynda türkmen halkynyň milli buýsanjy, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Ajap eýýam gelendir, seýrana gel, Pyragy!» atly goşgularyň bäsleşigi yglan edilýär.

 Bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden 16-35 ýaş aralygyndaky döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşyp bilerler. Bäsleşige hödürlenýän goşgularda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan eýýamynyň — häzirki ajaýyp zamanamyzyň, nusgawy şahyrymyzyň ömrüniň we döredijiliginiň, watançylyk, ahlaklylyk, mertlik temalarynda ýazan şygyrlarynyň tarypy buýsanç bilen beýan edilmelidir. Bäsleşigiň şertine laýyklykda, oňa gatnaşýanlar 2023-nji ýylyň 15-nji iýunyna çenli öň çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik goşgularyny «Ajap eýýam gelendir, seýrana gel, Pyragy!» atly bäsleşige» diýen ýazgy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň balkanregionyaslar@gmail.com elektron poçta salgysyna iberip bilerler. Bäsleşige gatnaşýanlar ýazan eserleriniň ýanyna özleri hakynda maglumaty (okaýan, işleýän we ýaşaýan ýerleriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonlarynyň belgilerini) goşmalydyrlar. Bäsleşigiň netijeleri 2023-nji ýylyň 27-nji iýunyna çenli jemlener we ýeňijilere baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Ýeňijileriň goşgulary «Balkan» welaýat gazetinde çap ediler.

Habarlaşmak üçin telefonlar: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi:
2-01-23,
2-01-11.


«Balkan» welaýat gazetiniň redaksiýasy:
6-07-91,
6-07-95.



"Balkan" welaýat gazeti, 23.03.2023

Tmpedagog