08.01.2023 Bäsleşikler110 .

Aşgabatdaky uniwersitet mekdep okuwçylarynyň arasynda döwlet derejesinde olimpiada geçirer


Aşgabatdaky uniwersitet mekdep okuwçylarynyň arasynda döwlet derejesinde olimpiada geçirer

 Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa, biologiýa, iňlis dili dersleri hem-de zehin soraglary boýunça integrirlenen olimpiada guraýar. Olimpiada etrap, welaýat we döwlet derejesinde 3 tapgyrda geçiriler.

 Olimpiadanyň I tapgyry etrap derejesinde bolup, ol etrap merkezinde geçiriler. I tapgyra gatnaşjak etraplardaky mekdeplerden iň zehinli okuwçylaryň sany mekdebiň islegine görä çäklendirilmedik mukdarda hödürlenip bilner. I tapgyryň soraglary «Zehin soraglary» boýunça bolup, ol guramaçylyk topary tarapyndan düzülýär. Her synp boýunça 5 okuwçy (10-njy synpdan 6 ýaşdan we 7 ýaşdan mekdebe kabul edilenleriň her haýsysyndan 5 okuwçy), jemi 20 okuwçy etrap tapgyry boýunça ýeňiji diýlip yglan ediler. I tapgyr 2023-nji ýylyň fewral aýynyň başyna geçiriler.

 Olimpiadanyň II tapgyry welaýat we Aşgabat şäher derejesinde bolup, ol etrap derejesinde ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda welaýat merkezinde we paýtagtymyzda geçiriler. II tapgyryň soraglary matematika, fizika, himiýa, biologiýa, iňlis dili dersleri boýunça bolup, olar guramaçylyk topary tarapyndan düzüler. II tapgyryň netijesi boýunça her welaýatdan, Aşgabat şäherinden jemi 20 okuwçy ýeňiji diýlip yglan ediler. II tapgyr 2023-nji ýylyň 8-nji apreline çenli geçiriler.

 Olimpiadanyň III tapgyry döwlet derejesinde bolup, ol welaýat we Aşgabat şäher derejesinde ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10 günlük tomusky dynç alyş merkezi görnüşinde geçiriler. Jemleýji tapgyryň soraglary matematika, fizika, himiýa, biologiýa, iňlis dili dersleri boýunça bolar. III tapgyryň 2023-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Okuwçylaryň tomusky dynç alyş bilen bagly çykdajylary (ýatak jaýy, iýip-içgisi we ş.m.) uniwersitetiň hojalyk hasaplaşygyndaky serişdeleriň hasabyna üpjün edilýär.

 Bu olimpiadanyň ähli tapgyrlary türkmen we iňlis dillerinde geçiriler. Ýeňiji bolanlara uniwersitetiň diplomy we sowgatlary gowşurylar. Uniwersitet tarapyndan ýeňiji bolanlara ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine girmeklerine ýardam bermek maksady bilen, «Teklip haty» (Recommendation letter) berler. Ýeňijileriň ene-atalaryna uniwersitet tarapyndan minnetdarlyk hatlary iberiler.

  Habarlaşmak üçin:
  (+993 65) 33-03-33,
  (+993 65) 87-88-70,
  (+993 63) 70-35-20,
  (+993 65) 81-08-10.

Elektron poçta:
oguzzehin@gmail.com




salamnews.tm

Tmpedagog