Bäsleşige dürli ýaşdaky mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň bilelikde guramaklarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Bilimli nesil – kuwwatly Watan» şygary bilen, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz-nesihat ediji bäsleşiginiň düzgünnamasy
Bäsleşige dürli ýaşdaky mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň maksady, hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, sagdyn, geljekki durmuşa taýýar, düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky aladalaryna jogap edip, olary durmuşa geçirmekden, «Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmekden, şeýle hem, orta mekdepleriň okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden, olaryň ýangyn howpuna garşy bolan raýatlyk borçlaryna düşünjesini artdyrmakdan, emläk eýeçiligine aýawly garamaklaryny, döredijilik ukyplylygyny, ruhy we aň-bilim taýdan taplanmaklaryny terbiýelemekden hem-de ýangyn-tehniki serişdeleriniň ulanylyş ýagdaýlaryny öwretmekden, ýangyn-tehniki bilimlerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşige ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz-nesihat ediji açyk temalardan düzme, hekaýa, bolup geçen wakalara esaslanýan beýannama ýazyp, hat üsti bilen ýa-da «Güneş» žurnalynyň elektron salgysyna (gunesh_tm@sanly.tm) ugradyp bilersiňiz. Düzmeler, hekaýalar we beýannamalar ýazylanda kompýuterde «Times New Roman» şriftinde 16-lyk ölçegde bolup, ýazylan döredijilikli eserler bir sahypadan az bolmaly däldir. Bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylary öz okaýan mekdebini, synpyny we ýaşaýan salgysyny, öý we öýjükli ykjam el telefonyny doly we dogry ýazyp görkezmeli.
Bäsleşige gatnaşdyryljak işler 2023-nji ýylyň maý aýynyň 5-ine çenli kabul edilýär.
Ýeňijilere bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Guramaçylyk topary.
"Güneş" žurnaly, 20.03.2023
www.turkmenmetbugat.gov.tm