25.02.2023 Bäsleşikler148
«Ýaşlyk joşguny»
8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaş žurnalistleriň we talyp gyzlaryň arasynda geçiriljek «Ýaşlyk joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli edep-gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda tagallalar edilýär.
Berkarar döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri, ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär. Zehinli ýaşlarymyz döwrüň sesine öz seslerini goşup, döredijiliginde ata Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper wasp edýärler.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys» diýen parasatly we ganatly sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaş žurnalistleriniň we talyp gyzlarynyň arasynda «Ýaşlyk joşguny» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşlerini giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary täze döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmakdan, şeýle-de 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleri giňden dabaralandyrmakdan ybaratdyr.
2. Bäsleşigiň umumy düzgünleri
2.1. Bäsleşige ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän ýaş žurnalist gyzlar we ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyp gyzlar gatnaşyp bilerler.
2.2. Bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak üçin döredilýän eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan tassyklanylýar.
2.3. Bäsleşikler baradaky bildiriş Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «www.yashlar.gov.tm» hem-de «Zenan kalby» žurnalynyň «zenankalby-zurnaly@online.tm» elektron saýtlarynda yglan edilen gününden başlap güýje girýär.
3. Bäsleşigiň şertleri
3.1. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilmeginiň çuňňur many-mazmunyny çeper beýan edýän goşgulary bilen giňden wasp etmeli. (3 minut)
3.2. Ýaşlar öz döredijiliginde «Ejeme ýüzlenme» atly tema boýunça goşgy, oýlanma ýazmaly. (10 minut) (ýazmaça görnüşde)
3.3. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde mährem enelerimize, türkmen zenanlaryň on barmagyndan dörän el hünärlerine bolan söýgüni döredijilik ukyby bilen wasp etmeli. (3 minut)
3.4. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen zenanyny wasp edýän şygyrlardan bentleri ýerine ýetirmeli. (3-5 minut)
4. Bäsleşigiň jemleri
4.1. Bäsleşik şu ýylyň mart aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda sagat 15.00-da geçiriler.
4.2. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan çykyşlar üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
«Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy:
38-62-10, 38-62-05;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi:
44-88-81, 44-89-99;
yashlar.gov.tm