23.02.2023 Bäsleşikler155

«Ýaş terjimeçiniň ussatlygy»


 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi «Maru — şahu jahan» welaýat gazeti hem-de «Miras» hojalyk jemgyýetiniň «Miras» okuw merkezi bilen bilelikde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýylda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda «Ýaş terjimeçiniň ussatlygy» atly bäsleşigi yglan edýär.

BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY

I. Bäsleşigiň maksady:
1.Terjimeçilik sungatyny ösdürmekden, ýaşlaryň dil baýlygyny hem-de daşary ýurt dillerine bolan höwesini ýokarlandyrmakdan, olaryň sowatlylygyny artdyrmakdan, ýaşlaryň gözýetimini giňeltmekden, terbiýeçilik äheňindäki materiallaryň kömegi esasynda olara adamkärçilik, dogruçyllyk, zähmetsöýerlik, asyllylyk ýaly häsiýetleri açyp görkezmekden, şeýle-de, beýleki halklaryň edebiýaty bilen tanyşmagyny üpjün etmekden;

2.Ýaşlary terjimeçilik sungatyna çekmekden hem-de bu babatda ukybyny, başarnygyny açyp görkezen zehinli ýaşlary höweslendirmekden ybaratdyr.

II. Bäsleşigiň şertleri
: 1.Bäsleşige gatnaşyjylar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda iňlis we rus dillerinde ýazylan kiçi göwrümli hekaýalardyr tymsallary, ertekileri, daşary ýurt degişmelerini, täsinlikleri türkmen diline terjime edip, bäsleşige hödürläp bilerler.

2.Bäsleşige gatnaşyjylar terjimelerini we terjimäniň asyl nusgasyny «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň redaksiýasyna ugratmaly hem-de özi barada giňişleýin maglumaty (ady, familiýasy, doglan senesi, okaýan ýa-da işleýän, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, iş, öý ýa-da el telefon belgisi) ýazmalydyrlar.

3.Bäsleşige hödürlenilen işler ýörite döredilen eminler topary tarapyndan gözden geçiriler. Terjimeleriň manysyna, mazmunyna, terbiýeçilik ähmiýetine uly üns beriljekdir.

4.Bäsleşige ugradylan terjimeleriň käbirleri seredilip, gazet sahypalarynda çap ediler. Ýeňijiler gazetde çap edilmeginiň esasynda däl-de, ýokarda görkezilen talaplara laýyklykda saýlanylar.

5.Bäsleşigiň jemleri şu ýylyň awgust aýynda jemleniler.

6.Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary we welaýatymyzyň ýaşlary gatnaşyp bilerler.

Bellik: bäsleşik iki topar boýunça geçirilýär:
1-nji topar: 14-den — 20 ýaşa çenli;
2-nji topar: 21-den — 35 ýaşa çenli.

III. Bäsleşikde şu aşakdaky baýrakly orunlar bellenilýär:
Her topar boýunça:
1.Bir sany birinji baýrak.
2.Iki sany ikinji baýrak.
3.Üç sany üçünji baýrak.
4.Iki sany höweslendiriji baýrak.

Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň hem-de «Miras» hojalyk jemgyýetiniň «Miras» okuw merkeziniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar, şeýle hem ýeňiji bolanlara «Miras» hojalyk jemgyýetiniň «Miras» okuw merkeziniň okuw töleglerinde (birinji orna 50%, ikinji orna 25%, üçinji orna 15%) ýeňillikler dörediler.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi: 7-01-31.

-«Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň redaksiýasy: 7-02-11,
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçesiniň 35-nji jaýy.
-«Miras» hojalyk jemgyýetiniň
«Miras» okuw merkezi: 6-05-52.


"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 22.02.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog