21.02.2023 Bäsleşikler50 .

2023-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşigi


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly 2023-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Bäsleşigiň maksady:
 Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ähli ugurlarynda durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirip, ata Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmaga, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işler her bir watandaşymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şol tutumlary durmuşa geçirmek we döwletli başlangyçlaryň dowamat dowam bolmagyny gazanmak ýaşlaryň paýyna düşýär. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Karary halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşdy. 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak barada öňe sürlen teklibiň tassyklanylmagy ähli watandaşlarymyz bilen bilelikde türkmenistanly ýaşlaryň hem ýüreklerini joşdurdy. Bu şatlykly wakanyň tutuş halkymyz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edilmegi bagtyýar zamanymyzy esaslandyran hem-de agzybir halkymyzy, ata Watanymyzy täze üstünliklere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan belent hormatyň, Arkadagly Serdarymyza bolan çäksiz ynamyň nyşanydyr.

 Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösüşlere eýe bolup, belent sepgitlere ýetýär. Gazanylýan ösüşleri bu gün dünýä jemgyýetçiligi biragyzdan ykrar edýär. Milli Liderimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen alnyp barylýan tutumly işleri durmuşa geçirmek üçin türkmen ýaşlary yhlas edýärler. Türkmenistan döwletimiziň sportda we ýaşlaryň durmuşynda ýetilýän sepgitleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly 2023-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

 Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň wekillerinden düzüler.

Bäsleşigiň düzgünleri:
 Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilýän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly 2023-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşigine talyp ýaşlar we okuwçylar gatnaşýarlar.

 Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşyp biler. Talyp ýaşlaryň we okuwçylaryň arasynda ýeňijiler aýry-aýrylykda yglan ediler.  Bäsleşigiň jemi boýunça «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygary astynda ýurdumyzy şöhratlandyran türkmen türgenleri, ýurdumyzyň sport ulgamynyň depginli ösüşi, halkymyzyň döreden milli we hereketli oýunlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, şeýle-de ýurdumyzda belli sungat ussatlarynyň sport durmuşy barada: – žurnalistikanyň dürli žanrlarynda material taýýarlamak;
– edebiýatyň dürli žanrlarynda beýan etmek.

 Eminler topary tarapyndan yglan edilen ýeňijileriň arasyndan baş baýraklaryň (2 sany baş baýrak), baýrakly orunlaryň (2 sany 1-nji orun, 2 sany 2-nji orun, 2 sany 3-nji orun) we her ugur boýunça 3 sany höweslendiriji baýraklaryň (jemi 6 sany höweslendiriji baýrak) eýeleri kesgitleniler.

 Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary we «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sanlary gowşurylar.

Bäsleşigiň geçiş tertibi:
 Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler şu bäsleşigiň döwürleýin metbugatda we resmi saýtda çap edilen gününden başlap, 2023-nji ýylyň 10-njy martyna çenli öz materiallaryny görkezilen salga elektron nusgada iberip bilerler.

 Ugradylan eserler we materiallar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň  resmi saýtynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynda, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda çap edilip bilner. Materiallary çap etmek redaksiýalaryň ygtyýaryna berilýär.

Elektron salgylarymyz:



Telefon:
44-88-80,
22-81-38.





yashlar.gov.tm

Tmpedagog