20.02.2023 Bäsleşikler557
«Ylym-bilim — bagtyýar ýaşlaryň röwşen geljegi»
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bilim işgärleriniň makalalarynyň, hekaýalarynyň we goşgularynyň iň gowularyny çap etmegi nazarda tutup, «Ylym-bilim — bagtyýar ýaşlaryň röwşen geljegi» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýärler.
BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY
1. Bäsleşigiň maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi we milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda edilýän tagallalary, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar hakyndaky aladasyny, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagtyny makalalarda, hekaýalarda we goşgularda wasp etmekden ybarat.
2. Bäsleşige hödürlenilýän işlerde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar hakynda edilýän aladalar, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamlarynda gazanylan beýik ösüşler beýan edilmelidir. Şeýle hem bäsleşige hödürlenilýän işlerde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesli watançylyk we ajaýyp zamanamyza buýsanç ruhunda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti wasp edilmelidir.
3. Bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan ähli bilim işgärleri gatnaşyp bilerler.
II. Bäsleşigiň şertleri
Bäsleşik üç ugur boýunça geçirilýär:
— iň gowy makalalar;
— iň gowy hekaýalar;
— iň gowy goşgular.
Bäsleşige hödürlenilýän makalalar, hekaýalar we goşgular döredijilik işlerine bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir, çeperçilik, many-mazmun taýdan ýokary derejede bolmalydyr.
Bäsleşige ozal çap edilmedik döredijilik işleri hödürlenmelidir. Bäsleşige hödürlenilýän işler çap edilen hem-de elektron göterijide bolmalydyr. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän bilim işgäri familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, doglan senesini, wezipesini, ylmy derejesini, iş we öý salgysyny hem-de telefon belgisini görkezmelidir we döredijilik işini «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasyna ibermelidir.
III. Bäsleşigi geçirmegiň we onuň jemini jemlemegiň tertibi
Bäsleşige hödürlenilen işler bilim we döredijilik işgärlerinden düzülen ýörite topar tarapyndan seljeriler. Eserleriň has tapawutlananlary «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap ediler.
Bäsleşigiň jemi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda — sentýabr aýynda jemlener.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary bilen sylaglanarlar.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
39-96-48,
39-96-40,
38-61-53.
Gazetiň elektron poçtasy:
mugallymlar-gazeti@online.tm
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 19.02.2023
www.turkmenmetbugat.gov.tm