15.02.2023 Bäsleşikler179 .

«Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — ylham çeşmämiz»


 «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — ylham çeşmämiz» diýen at bilen goşgularyň, düzmeleriň, liriki oýlanmalaryň we çekilen suratlaryň döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

 Bäsleşik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi hem-de 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýär.

 Bäsleşige hödürlenilýän işlerde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň milli aýratynlyklary giňden açylyp görkezilmelidir.

 Bäsleşigiň goşgy ýazmak şertinde mekdep okuwçylary öz ýazan goşgularyny akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we onuň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki ähmiýetine bagyşlamalydyr.

 Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän düzmeler okuwçylaryň okaýan synplaryna laýyklykda, düzme ýazmaklyga bildirilýän talaplar boýunça ýazylan bolmalydyr. Şeýle-de hödürlenilýän işlerde okuwçylaryň göz öňünde tutan meýilnamalarynyň many-mazmunynyň doly açylyp görkezilmegine aýratyn üns berilmelidir.

Liriki oýlanma ýazmak şerti boýunça mekdep okuwçylary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we onuň umumadamzat ähmiýeti barada özüniň içki ruhy duýgusyny beýan edýän döredijilik işi bilen gatnaşyp bilerler.

Surat çekmek şerti boýunça bäsleşige mekdep okuwçylary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boýunça çeken suratlary bilen gatnaşyp bilerler.

 Bäsleşik ilki mekdep, etrap we welaýat tapgyrlary boýunça geçiriler. Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleri döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna görkezilen ugurlaryň her haýsysy boýunça has tapawutlanan 3 sany döredijilik işiniň 2023-nji ýylyň 4-nji martyna çenli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy orta bilim bölümine gowşurylmagyny üpjün etmelidirler. Şeýle-de bäsleşige hödürlenilýän işler «Güneş» žurnalynyň «gunesh_tm@sanly.tm» ýa-da «gunesh-zurnaly@ online.tm» elektron salgylaryna ugradylyp bilner. Bäsleşige hödürlenilýän her bir döredijilik işlerine eminler topary tarapyndan baha berler.

 Umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda yglan edilýän «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — ylham çeşmämiz» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi 2023-nji ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäherinde dabaraly ýagdaýda jemleniler. «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde döredilen eminler toparynyň çözgüdi döredijilik bäsleşiginiň ugurlarynyň her haýsysy boýunça degişlilikde bir sany 1-nji, bir sany 2-nji we iki sany 3-nji orny eýelän işler kesgitleniler. Işleri ýeňiji bolan okuwçylar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar. Bäsleşikde tapawutlanan işler «Güneş» žurnalynda çap ediler.


Guramaçylyk topary
"Güneş" žurnaly, №2

Tmpedagog