12.02.2023 Bäsleşikler102 .

Türkmenistanyň taryhy, iňlis dili, matematika, türkmen dili, dersleri boýunça olimpiadalar


Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli “Watanyň daýanjy - bilimli ýaşlar, Arkadag Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly Türkmenistanyň taryhy, matematika, türkmen dili, iňlis dili dersleri boýunça olimpiadany guramak we geçirmek hakyndaky

DÜZGÜNNAMA

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, hünäre ugrukdyrmak, mekdep okuwçylarynyň zehinlerini artdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli “Watanyň daýanjy - bilimli ýaşlar, Arkadag Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis dili, türkmen dili dersleri boýunça boýunça onlaýn olimpiadany guramak we geçirmek hakyndaky Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

Umumy düzgünler

Şu Düzgünnama onlaýn olimpiadany guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, zehinli we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde orta çykýar. Onlaýn bäsleşigiň geçirilmegi, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň intellektual derejesini kesgitlemäge, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmakda we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlaryň ýüze çykarmakda ýardam eder.

Olimpiadanyň maksady

Zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak, olaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak endiklerini kämilleşdirmek hem-de giriş synaglaryň tabşyryljak dersleri boýunça bilimleriniň derejesini kesgitlemek.

Onlaýn olimpiadanyň guramagyň we geçirmegiň tertibi

1. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ähli mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň olimpiada gatnaşmaga hukugy bolup, olar 20.03.2023 senä çenli degişli maglumatlaryny elektron–poçta:  ugratmaly. Okuwçylaryň hasaba alnandyklary barada elektron salgylaryna 3-nji aprele çenli gatnaşmak üçin hasaba alnar hem-de bellenilen sene, wagty görkezilen çakylyklar ýollanar.

Olimpiadanyň I tapgyrynyň geçiriljek rejesi:

a. 09.04.2023 – Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda;
b. 10.04.2023 – Balkan welaýaty – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasynda;
c. 11.04.2023 – Daşoguz welaýaty – Türkmen oba hojalyk institutynda;
d. 12.04.2023 – Lebap welaýaty – S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
e. 13.04.2023 – Mary welaýaty – Türkmen Döwlet energetika institutynda.

2. I tapgyrdan üstünlikli geçen mekdep okuwçylary barada Baş Bilim müdirliklerine hem-de II tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylaryň elektron poçtalaryna II tapgyra gatnaşmak üçin ýörite login/açar ugradylar we uzak aralykdan test tabşyrarlar.

Olimpiadanyň II tapgyrynyň geçiriljek rejesi:

a. 23.04.2023 – Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda;
b. 24.04.2023 – Balkan welaýaty – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasynda;
c. 25.04.2023 – Daşoguz welaýaty – Türkmen oba hojalyk institutynda;
d. 26.04.2023 – Lebap welaýaty – S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
e. 27.04.2023 – Mary welaýaty – Türkmen Döwlet energetika institutynda.

Ýeňijileri kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

1. Olimpiadada ýokary utuklary gazanmagy başaran mekdep okuwçylaryň sanawy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanar. 2. Ýeňijiler: I, II, III ýerler hem-de höweslendiriji ýerler boýunça institutyň Hormat hatyna we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen institutda 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda geçiriljek “Açyk gapylar” gününde sylaglanarlar.

Habarlaşmak üçin:
Tel: +993 12 223350,
E-poçta: 





iirmfa.edu.tm

Tmpedagog