11.02.2023 Bäsleşikler203 .

Oguz han uniwersiteti taslama bäsleşigini geçirýär


 Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” hem-de “Ylymlar güni” mynasybetli 35 ýaşa çenli bolan ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan edýär. Ýaşlar bäsleşige web sahypalarynyň we programma üpjünçilikleriniň, mobil goşundylaryň, robotlaryň, elektron enjamlaryň işjeň ýagdaýyndaky nusgasyny, sanly we innowasion ykdysadyýetiň modellerini, hyzmatlaryň innowasion görnüşlerini, himiki we biotehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk we maglumat tehnologiýalar boýunça taslamalary, oba hojalygy, lukmançylyk we ş.m. beýleki islendik ugurlar boýunça öz işlerini we pikirlerini hödürläp bilerler. Teklip edilýän taslamalaryň täze pikirleriň esasynda döredilen ýa-da kämilleşdirilen bolmagy hökmanydyr.

 Bäsleşik 2 tapgyrda geçirilýär. I tapgyra gatnaşmaga isleg bildirýänler öz taslamasy baradaky maglumatlary şu ýylyň 1-nji apreline çenli oguztaslama@gmail.com elektron poçtasyna elektron görnüşde ugradyp hasaba durmaly. Bäsleşige şahsy we toparlaýyn (3 adamdan köp bolmadyk) görnüşde gatnaşmaga rugsat berilýär. Hasaba alnan gatnaşyjylar taslamasyny doly görnüşde taýýarlap, onuň işjeň ýagdaýy baradaky beýany prezentasiýa görnüşinde (mümkin bolsa 1-3 minutlyk düşündirişli wideoýazgysy bilen) 1-nji maýa çenli ýokardaky elektron salgysyna ugratmaly. Netijeler Guramaçylyk topary tarapyndan 20-nji maýa çenli yglan ediler we uniwersitetiň internet sahypasynda (etut.edu.tm) görkeziler, şeýle-de telefon arkaly habar berler.

 II tapgyr Ylymlar gününiň öňüsyrasynda 5-10-njy iýun aralygynda geçiriler. I tapgyryň ýeňijileri oňa uniwersitetde gurnaljak innowasion tehnologiýalaryň sergi- bäsleşigine öz işleri bilen gatnaşarlar. Bäsleşigiň ýeňijileri Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uniwersitetde geçirjek halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Ýeňijilere (1 sany Baş baýrak, 2 sany I ýer, 3 sany II ýer, 4 sany III ýer) diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar hem-de okuwa we işe ýerleşmekde ýeňillik döretjek teklip hatlary (Recommendation letter) berler.

 Bäsleşigi geçirmegiň tertibi we Düzgünnamasy baradaky giňişleýin maglumatlar uniwersitetiň internet sahypasynda ýerleşdirildi.

Habarlaşmak üçin telefonlar:
+99363647081,
+99365873093,
+99364493354,
Elektron poçta: 
Web sahypa: etut.edu.tm




Tmpedagog