10.02.2023 Bäsleşikler57 .

«Magtymguly — ynsan köňlüniň çyragy»


 Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi «Edebiýat we sungat» gazeti bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly — ynsan köňlüniň çyragy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

 Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän makalalarda, goşgudyr hekaýalarda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmek, dünýä ýüzünde hormat-sarpasyny belende götermek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler, Magtymguly Pyragynyň ömri, paýhasly döredijiliginde öňe sürülýän watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik, agzybirlik ýaly belent pikirleriň manysy çeper beýan edilmelidir.

 Bäsleşige gatnaşyjylar eserlerini «edebiýatwesungat-gazeti@online.tm» elektron salga ibermeli. Eserler 2023-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär.

 Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

"Edebiýat we sungat" gazeti


www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog