«Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly şadyýan bäsleşigi geçirilýär!
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly şadyýan bäsleşiginiň düzgünnamasy:
Bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň: «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde ata Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini kämilleşdirmekden, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we olary goldamakdan, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan, ozal «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolmadyk okuwçy gyzlar gatnaşyp bilerler.
I. Bäsleşigiň geçiş tertibi:
Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, etraplarda, şäherlerde, soňra bolsa welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilýär. Welaýatlaryň hersinden hem-de Aşgabat şäherinden 1-nji we 2-nji orunlary eýelän 2 (iki) sany okuwçy gyzjagaz paýtagtymyzda geçiriljek jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanar.
Şadyýan bäsleşik şu aşakdaky tertipde geçiriler: — birinji tapgyr 2023-nji ýylyň 6 — 15-nji fewraly aralygynda umumybilim berýän orta mekdeplerde geçiriler; — ikinji tapgyr 2023-nji ýylyň 21 — 28-nji fewraly aralygynda etraplarda we şäherlerde geçirilip, oňa bäsleşigiň mekdep tapgyrynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän okuwçy gyzjagazlar gatnaşarlar; — üçünji tapgyr 2023-nji ýylyň 2 — 10-njy marty aralygynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda geçirilip, bu tapgyra etrap, şäher tapgyrlarynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän okuwçy gyzjagazlar gatnaşarlar; — jemleýji tapgyr 2023-nji ýylyň mart aýynyň ikinji ongünlüginde Aşgabat şäherinde geçiriler we bu tapgyra bäsleşigiň Aşgabat şäher hem-de welaýat tapgyrynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän okuwçy gyzjagazlar gatnaşarlar.
II. Bäsleşigiň şertleri:
1. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmeli (4 minut). 2. Bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmeli (3 minut). 3. Bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşmeli.
III. Bäsleşige gerekli resminamalar:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Aşgabat şäher geňeşleriniň mejlisleriniň bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynyň ýeňijileri baradaky kararlary, ýeňiji bolan gyzjagazlar barada şu aşakdaky görnüşde resminamalary (2 nusgada) Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşine 2023-nji ýylyň mart aýynyň 12-sine çenli tabşyrylmaly: — maglumat (görnüş №1, görnüş №2); — dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi; — 3х4 ölçegdäki 2 sany surat; — okaýan mekdebinden kepilnama.
«Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly şadyýan bäsleşige gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekillerinden hem-de ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat eminler topary döredilýär. Eminler bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlaryň her bir çykyşyny 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp bahalandyrýarlar we şol bahalary goşmak arkaly soňky netijäni çykarýarlar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar bellenilýär. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
Bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat tapgyrlaryna işjeň gatnaşan we tapawutly çykyş eden gyzjagazlara Hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlar we sowgatlar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi: 44-88-79, 44-88-85.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40.null
ashgabat.in