04.02.2023 Bäsleşikler59 .

Türksoý halkara guramasynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigi yglan edildi


Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) «Türk dünýäsi ýaş suratkeşleriň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
Bäsleşige TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň 12 — 18 ýaş aralygyndaky ähli raýatlary gatnaşyp bilerler. Onuň üçin hiç hili töleg talap edilmeýär.

Bäsleşigiň şertleri:

• Hödürlenýän surat eserleri hiç ýerden göçürilmeli däl;

• Suratlaryň ýerine ýetiriliş tehniki usullary, eseriň žanry erkin bolup, olarda türki dünýäniň öwüşginleri özboluşly şöhlelendirilmelidir;

• Suratlarda ýagty, hoşniýetli duýgular, öz ýurduna we türki dünýäsine bolan söýgi beýan edilmeli;

• Surat eserleriniň ýüzüne, temasy bilen baglanyşykly manyly ýazgylary, goşgy setirlerini ýazmaga rugsat berilýär;

• Gatnaşyjy bäsleşigiň netijeleri yglan edilmezden, oňa hödürlän suratynyň başga neşirlerde çap edilmegine ýol bermeli däl;

• Ozal ýeňiji bolanlar bäsleşige gatnaşdyrylmaýar.

Birinji tapgyr TÜRKSOÝ-yň guramaçylary tarapyndan 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 15-nji martyna çenli her gatnaşyjynyň öz ýurdunda geçiriler. Onuň netijesi 2023-nji ýylyň 30-njy martynda TÜRKSOÝ-yň web-sahypasynda yglan ediler;

Ikinji tapgyr TÜRKSOÝ-yň halkara eminleri tarapyndan 2023-nji ýylyň 31-nji martyndan 4-nji apreline çenli geçiriler. Onuň netijesi 2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde yglan ediler. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, her ýurda aýratynlykda 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar berler.

TÜRKSOÝ-yň Türkmenistandaky guramaçy tarapy Medeniýet ministrligidir. Goşmaça maglumat almak we bäsleşigiň anketasyny doldurmak üçin şu ýere basyň.




salamnews.tm

Tmpedagog