11.03.2025 Pedagogika458

Goşmaça ýumuşlar bilen işlemek


Matematika sapaklary 5-nji synpda çylşyrymlaşýar. Bu synpda okuwçylar doly derejede tablisalary, amallary özleşdirip, natural sanlar bilen işlemegi öwrenýärler. Dürli-dürli çylşyrymly meseleleri ýatdan hasaplamagy, pikirlenip, dogry jogabyny tapmagy endik edinýärler. Munuň üçin mugallymyň her bir sapagy gyzykly we täsirli guramagy, çagalary gyzyklandyrjak goşmaça mysallary, meseleleri taýýarlamagy hökmandyr.

Okuwçylary her gezekki sapagyň şertli guralyş ýagdaýlary ýadadyp biler. Şonuň üçin hem sapagyň dowamynda çagalara bäsleşik görnüşli mysallary, meseleleri hödürläp höweslendirmek, işjeňleşdirmek bolýar. Synpyň okuwçylaryny toparlara bölüp bäsleşdirmek ýa-da bu bäsleşigi iki okuwçynyň arasynda gurap, synp tagtasynda şertlerini ýerine ýetirdip bolar. Şeýle-de synp tagtasynda iki okuwçydan öňürti beýleki okuwçylar hem meseläniň dogry jogabyny işläp, mugallyma görkezip biler. Ýa-da şol hödürlenen meseläni sapaga ýetişigi boýunça belli-belli okuwçylaryň arasynda hem geçirip bolar. Okuwçyny sapagyň esasy temasyndan daşary bäsleşigiň netijeleri boýunça gowy bahalar bilen bahalandyrmak, elbetde, çaganyň höweslenmegi üçin aýratyn usuldyr.

Esasy temadan daşary okuwçylaryň biraz dynç almaklary üçin wagty çäkli bolan bäsleşigi yglan edýäris. Synp tagtasynda meseläniň şerti görkezilýär. Meselem: motosiklliniň tizligi 40 km/sag, atlynyň tizligi 16 km/sag. Häzir olaryň arasyndaky uzaklyk 108 km. 2 sagatdan soň olaryň arasyndaky uzaklyk näçe bolar?

Şeýle gysga wagt pursadynyň dowamynda okuwçylaryň çalt we dogry netije çykaryp bilmek başarnygy ýüze çykýar. Meseläniň dogry jogaby üçin ümsümlik yglan edilýär. Berlen meseläniň dogry jogaby şeýle bolýar, ýagny 16x2=32; 40x2=80; 80-32=48; 108+48=156. Meseläniň dogry jogabyny ýazyp gelen okuwçy ýeňiji hasaplanýar we ikinji meseläni ýatdan okap berýärin: «Sebetdäki almalaryň sany iki belgili san bilen aňladylýar. Ol almalary 2, 3 we 5 sany çagalaryň arasynda deň paýlap bolýar, emma 4 çaga deň paýlap bolmaýar. Sebetde näçe alma bar?».

Bu meseläniň jogabyny şol wagt ýatdan hasaplap, dogry jogap bermegi başarýan okuwçylar hem bolýar. Olar sebetde 30 sany almanyň bardygyny aýdýarlar we ýeňiji bolýarlar.

Şeýlelikde, okuwçylar üçin üçünji meseläniň şerti synp tagtasynda peýda bolýar. Meselem: üç gyz doganyň hersiniň bir oglan dogany bar. Maşgalada näçe çaga bar? Bu soraga okuwçylar maşgalada dört çaga bardygyny bada-bat aýtmagy başarýarlar.

Üç ýa bäş minutyň dowamynda bäsleşik görnüşinde meseleleri okuwçylara hödürlemek bilen, olaryň çalt pikirlenmek ukyplaryny, işjeňliklerini güýçlendirip bolýar. Bu bolsa okuwçynyň matematika dersine bolan gyzyklanmasyny has hem artdyrýar.

Maral KULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 79-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 10.03.2025

Tmpedagog