Dil öwrenmek — mümkinçilikleriň açary
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda okatmagyň ähli tapgyrynda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar, okatmagyň usullary kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz birnäçe dil bilmegiň, diller boýunça taýýarlygyň ýaş hünärmenler üçin möhüm artykmaçlykdygyny nygtaýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýaş nesle öwredilýän daşary ýurt dilleriniň biri bolan iňlis diliniň artykmaçlyklary uludyr. Iňlis dili uzak wagtyň dowamynda: mekdepde, ýokary okuw mekdebinde, dil merkezlerinde ýa-da halypa bilen öwrenilýär. Köpler iňlis dilini çalt we gyzykly ýagdaýda nädip öwrenmelidigine düşünmek isleýär.
Öňüňizde anyk maksat goýuň.
Üstünlige ýetmek üçin öz öňüňde anyk maksat goýmak örän möhümdir. Diňe bir dili öwrenmek isleýändigiňizi we nädip öwrenmelidigiňizi kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem maksadyňa tarap öňe gitmek üçin iňlis dilini gowy öwrenmek meýilnamasyny tamamlamagyň gysga möhletini kesgitlemek hem möhümdir.
Gündelik meşgullanmagy endik ediniň.
Iňlis dilini öwrenmegi her gün dowam edip boljak gyzykly güýmenjä öwrüň. Günde bu dilde täze bir zat öwrenmek üçin özüňize 20-30 minut wagt aýryň.
Onlaýn çeşmelerden peýdalanyň.
Internet daşary ýurt dillerini, esasanam iňlis dilini öwrenmek üçin çeşmelerden doly. Onlaýn bilim wideolaryna tomaşa etmek, tele-radio ýaýlymlaryny diňlemek, halkara habarlara tomaşa etmek, bilim oýunlaryny oýnamak, dürli leksiýalara we seminarlara gatnaşmak örän netijelidir. Iňlis dilinde gowy gürleýänler bilen şol dilde gürleşmäge çalşyň.
Öz gyzyklanýan zatlaryňyzy saýlaň.
Öz halaýan zadyňyz bilen meşgullanyp, iňlis diliňizi kämilleşdiriň. Eger sungaty halaýan bolsaňyz, muzeýe baryp, iňlis audiougrukdyryjyny saýlaň, sungat baradaky žurnaly okaň, belli suratkeş ýa-da sungat ýörelgeleri hakda filme tomaşa ediň.
Gaýtalaň.
Öwrenen materialyňyzy gözden geçirmegi ýatdan çykarmaň. Bu diňe ýazuw düzgünlerine, täze sözleriň gaýtalanmagyna degişli däldir. Iňlis dilinde belli bir söhbeti diňläniňizden soň, birnäçe hepdeden ýene-de ony gaýtadan diňläň, şonda sözleýşe düşünmegiň we ses bilen aýdylýanlary duýmagyň has aňsatlaşandygyna derrew göz ýetirersiňiz. Öň gören, tanyş filmiňizden bölege täzeden tomaşa edeniňizde, hemme zada gowy düşünýändigiňizden uly lezzet alarsyňyz.
Ine, şeýle çylşyrymly bolmadyk, yzygiderli çäreler, öz üstümizde işlemek arkaly dil baýlygyňyzy çuňlaşdyryp, iňlis dilini gowy öwrenip bilersiňiz.
Miwe ATAJANOWA,
Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen
okuw-terbiýeçilik toplumynyň iňlis dili mugallymy.
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 06.03.2025