25.02.2025 Pedagogika333

Okuwçylara dünýä dillerini öwretmek


Bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrülen Türkmenistanda ýaş nesilleriň ýokary hilli bilim almaklary üçin ähli şertler döredildi. Çagalar baglarydyr mekdeplerde okuw-terbiýeçilik işlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramakda öňdebaryjy tejribelerden peýdalanýarys. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň

Karary bilen, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» tassyklandy. Bu resminamada bilim hyzmatlarynyň görnüşleriniň kämilleşdirilmelidigi, ýaşlary durmuşa taýýarlamak, durmuşda zerur bolan hünärlere gönükdirmek baradaky wezipeler, esasan-da, okuwçylaryň maglumat tehnologiýasy hem-de daşary ýurt dillerini oňat bilmelidigi hakynda wezipeler bellenilýär.

Umumybilim berýän orta mekdeplerde ene dilimiz bilen bir hatarda, daşary ýurt dilleri bolan iňlis hem-de rus dillerini öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Bu dilleri çagalara öwretmek mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýar. Daşary ýurt dilleri jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki döwründe dünýä jemgyýeti bilen gatnaşyk etmegiň ygtybarly serişdesidir. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerine we beýleki ugurlara ýöriteleşdirilen mekdepleriň sany barha köpelýär.

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzyň dünýä giňişligine aralaşmagy, sebitde, halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklarynda öňdebaryjy orny eýelemekde kämil bilimiň möhümdigi hakynda aýdylýar. Şeýle hem bu resminamada türkmen jemgyýetiniň milli hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, kämilleşmegi, ýurdumyzyň raýatlarynyň ene dili bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini sazlaşykly üpjün edýän ulgamyň döredilmegi, onuň netijeli hereket etmegi üçin derwaýys wezipeler kesgitlenilýär. Mekdep ýaşly çagalary okatmagyň we terbiýelemegiň esasy didaktiki ýörelgelerinden ugur alnyp, olaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, bilesigelijilik, özbaşdaklyk, duýgurlyk, ýatlarynyň ýitiligi, aňynyň kemala geliş hem-de emosional aýratynlyklary ýaly häsiýetleri üns merkezinde saklanylýar. Daşary ýurt dillerini öwretmekligiň häzirki zaman ýörelgelerine laýyklykda, dili öwretmegiň dört sany şerti ösdürilýär. Olar diňlemek, sözleýiş, okamak hem-de ýazuw şertleriniň kämil öwredilmegidir. Dil öwrenmegiň şu dört endigini ösdürmek biri-birinden üzňelikde däldir.

Iňlis dili sapaklarynda mugallym okuwçylaryň hem şol dilde gürläp, sapaga işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär. Şeýle edilende çagalarda şol sapakda diňe iňlis dilinde gürlemek endigini döredýär. Mugallymyň her bir sözüni diňläp, çaga gürlemegi öwrenýär. Synpda mugallymyň okuwçylaryň ünsüni sapaga çekmek bilen bagly sözleri, taýýarlyk pursatlary, täze temany düşündirmek, sorag-jogaplar hem iňlis dilinde ýerine ýetirilmelidir. Bu okuwçylaryň sözleýşine oňaýly täsir edýär.

Sapaklaryň şeýle usullarda guralmagy okuwçylaryň sapaga bolan işjeňligini artdyrýar.

Sona JUMAÝEWA,
Kerki etrabyndaky ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 24.02.2025

Tmpedagog